1.Parazitler we beýleki süýrenijiler barada:

Gurçuklar göz suwuklygynda ýüzýär

Dünýäde 10 million adama täsir edýän Loa Loa gurçuklary, esasanam Kongo Demokratik Respublikasynda köpelýän ýagdaýlar bilen şu ýyl ilkinji orna çykdy. Loa Loa gurçuklary gözüň içine ornaşýar, göz suwuklygynda ýüzýär we agyry döredýär.

2.Gulak kanallarynda oturan gurçuklar:

Gulagyňyzy yzygiderli gyşaýan bolsaňyz belki gyjyndyrma döredýän kiçijik gurçuk, gulak kanallaryna ornaşyp, liçinkalary bilen uly koloniýa döreden bolmagy mümkin. 2012-nji ýylda Taýwandan 70 ýaşly bir adamyň gulagynda gyjyndyrma sebäpli hassahana ýüz tutanda, lukmanlar gaty geň galdylar. Sebäbi gojanyň sag gulagynyň kanallarynda gurçuklar we gurçuk ýumurtgalary tapylypdyr.

3. Iýmit we içgi sebäpli ýüze çykýan ýagdaýlar

Gyzgyn burç heläkçilige alyp bardy

Gyzgyn burçlary gaty gowy görýärsiňizmi? Olardan biraz seresap bolanyň gowy. “Arwah burç” diýlip atlandyrylýan gyzgyn burç, Kaliforniýada bir adamyň ölümine sebäp boldy. Restoranda dünýäniň iň yssy burçy diýlip tanalýan arwah burçuny iýen bir adam yzy ýany alty sany uly stakan suw içdi we birden zor bilen dem almana başlady. Gyssagly ýagdaýda tiz kömek otagyna äkidilen bu adama tomografiýa gözden geçirmäniň netijesinde gyzylödegiň ýarylandygy anyklanyldy. Bu adam gyssagly operasiýa edilende onuň 2,5 santimetr çep öýkeniniň çökendigine syn edildi.

4. Dogabitdi serhoş

46 ýaşly bir adamda görlen bu hadysa, bedeniň özbaşdak spirt öndürýän görnüşi hökmünde görülýän “Awto-spirt sindromy” diýilýär. 6 ýyl bäri yzygiderli serhoşlygy bilen tanalýan bu adam bir gün polisiýa tarapyndan tussag edildi. Ganyndaky alkogol derejesi kanuny çäkden iki esse ýokary bolan adam, içmändigini aýtsa-da hiç kime ynandyryp bilmedi. Bu döwürde yzygiderli agressiw häsiýeti görkezýän we akyl üýtgemelerini başdan geçiren adam keselhana ýerleşdirildi. Synaglaryň netijesinde adamyň içegesindäki mikroorganizmleriň sarp edilen uglewodlary fermentländigi we spirt öndürýändigi anyklandy. Awto-spirt sindromy diýlip kesgitlenen adam antibiotikler we probiotikler bilen bejerildi. Soň bolsa adam saglygyny dikeltdi.

5. Aýlanyp ýören dalak

Organlar adatça bedene ýanaşyk damarlar we myşsalar bilen birikdirilýär. Şeýle-de bolsa, käbir adaty bolmadyk ýagdaýlarda organlaryň hereket edýändigi syn edildi. ABŞ-nyň Miçigan ştatynda ýaşaýan bir aýal keseli sebäpli keselhana ýüz tutdy. Lukmanlar barlag synaglaryndaky şekillere haýran galdylar. Lukmanlary geň galdyran gyzykly lukmançylyk hadysalarynyň arasynda aýalyň dalagy bolmalysy ýaly däldi. Onuň bedeninde dalak aýlanýardy. Organy saklaýan myşsalaryň gowşamagynyň netijesinde ýüze çykýan bu hadysanyň häzirki ady “Aýlaw keseli”. Lukmanlar synag arkaly aýalyň dalagyny 48 sagatlap synladylar we ahyrynda tapdylar. Dalak aýrylmak islense-de, lukmanlar derrew bu operasiýany edip bilmediler.Sebäbi aýal bagyr göçürmesine garaşýardy. Başgaça aýdylanda, ýüze çykýan kynçylyklaryň öňüni almak üçin organ transplantasiýasy wagtynda dalak aýyrmak kararyna gelindi.

6. Üç böwrekli hassanyň ýagdaýy

Braziliýada görlen bu waka, 38 ýaşly bir adamyň biliniň agyrysyndan zeýrenip, lukmançylyk kömegini alyp, keselhana ýerleşdirilende başlandy. Derrew hassanyň agyrysyna sebäp bolýan mesele tapylýar. Bu ýagdaý ilki adaty ýaly görünse-de, has gyzykly hadysanyň üsti açylandan soň meşhur boldy. Näsagyň üçünji böwreginiň bardygy anyklanyldy. Beýleki böwrek bilen birleşdirilen üçünji böwrek bedene hiç hili zyýan ýetirmänsoň, lukmançylyk çärelerine zerurlyk ýokdy. Näsaga arka agyrylary üçin agyry dermanlary berildi we öýüne iberildi. Şeýle-de bolsa, üç böwregiň bolmagy gaty seýrek bolansoň, bu ýagdaý lukmançylyk taryhyna girdi.

7. Tans wakasy

1518-nji ýylda bolup geçen bu waka şu güne çenli hem syryny saklaýar. Fransiýanyň Strasburg sebitinde görlen bu waka birden bir aýal tans edip başlanda başlandy. Soňky döwürde bu aýala goşulýanlaryň sany on adama ýetdi. Hemmeler yzygiderli tans edýärdiler. Bir aýdan soň, gatnaşyjylaryň sany 400-e ýetdi. Bu hadysa henizem syry doly çözülmedik wakalardan biridir. Häzirki zaman lukmançylygynyň çaklamalarynyň biri, ergot kömelek diýilýän kömelek görnüşiniň bedene täsiri bilen ýüze çykýar. Beýleki bir teoriýa köpçülikleýin histeriýa krizisidir. Stress sebäpli ýüze çykan bu krizis, Strasburg halkynyň şol döwürde başdan geçiren agyrysynyň we aşa stresiniň daşky görnüşi hökmünde görülýärdi. Bu waka lukmançylyk taryhda tans gyrgynçylygy hökmünde ýazga alyndy.

   ÖWEZBERDIÝEWA Leýli Sahatowna

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugalymy