ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikaly musulman jemagat hem-de birnäçe musulman ýurtlardan bolan ilçiler üçin agyzaçar sadakasyny berdi.

Bu Trampyň ikinji möhletdäki Prezident wezipesinde ilkinji agzaçarydyr. Döwlet Baştutany çärede çykyşyny Mübärek Remezan aýyny gutlamak bilen başlady. Ol 2024-nji ýylyň noýabryndaky Prezident saýlawlarynda Amerikaly musulmanlaryň ony goldaýandygyny we muňa örän hoşaldygyny aýtdy.

“Şeýle hem, 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda bize goldaw beren ýüzlerçe müň musulman amerikalylara aýratyn minnetdarlyk bildiresim gelýär, bu ajaýyp zat” diýip belläp geçdi. Trump “Musulman jemgyýetine beren wadalarymyzy ýerine ýetirmek şeýle hem ýakyn Gündogarda hemişelik parahatçylygy ýola goýmak üçin üznüksiz diplomatiýa alyp barýarys” diýip döwlet baştutany belledi.

Aýratynam Miçigan ştatynda ýaşaýan Amerikan musulmanlaryna minnetdarlyk bildirýän “Men prezident bolýan wagtym siziň ýanyňyzda bolaryn, muny bilmegiňizi isleýärin şeýle hem Musulman dostlarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Has ýagty we umytly geljege ýetmek üçin siziň bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip belläp geçdi.

  NAZAROWA Gunça

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy