2025-nji ýylyň 19-njy martynda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Oman Soltanlygynyň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň, halkaa guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy temalary sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri bolup, buu durnukly ösüşi üpjün etmek üçin strategiki ähmiýete eýedir. Forumyň gatnaşyjylary söwda, energetika, transport we ekologiýa ýaly ugurlary bilelikdäki taslamalarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da döwrebap we durnukly ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmäge hem-de energetiki howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berildi. Bu bolsa Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýene bir ädim boldy diýip aýdyp bileris.

Hajy Nuryýew

Türkmen döwlet Maliýe institutynyň mugallymy