Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň 19-njy martynda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

Bu Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dünýäde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-enenrgetika, üstaşyr ulag üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de oňa maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Şeýle-de Hormatly Prezidentimiz bu halkara maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.

                                                    Arzygül Taganowa

                                                           Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby