Türkmen topragy häzirki döwürde gözelligiň hem – de ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän konferensiýalardyr, onlaýn maslahatlarda biziň taryhymyz hem- de topragymyzda ösýän ösümlikleriň geň – taňlygy barada üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny elbetde tehnologiýalar zamanynda görmäge mümkinçilik tapdyk. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň hem-de Arkadgly Gahryman Serdarymyzyň tagallaryndan ugur alyp, ýurdumyzda we dünýäde parahatçylygy ýaýmak we Orta Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasyň ýola goýulmagynda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak hem – de Birleşen Milletler Guramasynyň ştabs- kwartirasynda “Merkezi Aziýa Döwletleriniň ýaşlarynyň dialogy Parahatçylygyň we ynanyşmagyň kepilidigi barada edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Munuň özi bolsa, ýaşlaryň öňünde Merkezi Aziýada parhatçylygy we Howpsyzlygy gorap saklamakda gelejekki nesliň öňündäki wajyp bir borç meseleleri boýunça edilen çykyş hökmünde dünýä ýaşlaryny gelejegi gorap saklamakda we Merkezi Aziýanyň parahatçylykly we Howpsyz giişlik hökmünde wajyplygyna ünsi çekmek boldy. Türkmen ýaşlarynyň eden çykyşlarynda hem- de gelejiň parahatsöýüjilikli ýaşlar bolmagyny gazanmagyň ugurlaryna syrykdyryldy. Her bir juwan ýürekde watançylyk duýgularyny açmaga ýol, ýörelge boldy.Birleşen Milletler Guramsaynyň Baş assambleýasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň bu günki gün iň wajyp meseleleriniň biri bolan parahatçylyk söýüjilige çagyrmak boýunça ilkinjileriň biri bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berdi.Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlykwe öňüni alyş diplomatiýanyň işeňňir wekili hökmünde çykyş edip, Orata Aziýany parahatçylykly zona – giňişlige öwürmek meselesinde işjeň gatnaşyklary ýola goýmagy ýurdumyzyň liderlik häsiýetini görkezdi.Islendik ýurt bilen gatnaşygynda hem parahatsöýüjilikliligi bilen özüni aldyrýan türkmen döwletiniň bu günki gün türkmen – ýapon gatnaşyklaryndaky üstünligi hem parahatsöýüjilikli gatnaşyklaryň bir mysaly hökmünde öňe çykýandyr. Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyñ saýasynda döwrebaplaşdyrylan ýokary giñ gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdymyzda berilýän bilim derejeleriniñ artdyrmaklygy, kämilleşdirilmegi muña aýdyñ mysaldyr. Bilşimiz ýaly, ýaşlaryñ ylymly, sowatly bolmagy ugrunda diñe bir Türkmenistan ýurdumyzda däl eýsem, daşary döwletlerde mümkinçilikler döredilip berilýär. Gatnaşyklary birnäçe ýyllardan bäri hormatlanyp gelinýän türkmen – ýapon dostlugy hökmünde türkmenistanly
ýaşlaryñ hem bu meselede çetde durmaýandygyny göz öñünde tutmak zerurdyr. Biziñ ýurdumyzda we Ýaponiýa dõwletinde iki dostlukly halkalaryñ medeniýet günleri uly dabara bilen dabaralanýar. Ýaponiýa hem ylyma – bilime ýokary derejede üns berýän döwlet hökmünde tanalýar. “Ýaponiýanyñ ylmy barada faktlar” atly köpçüligi habar beriş serişdelerinde şu aşakdakylar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän köpugurly syýasy hem- de beýleki ugurlar boýunça ösüşler bu günki gün Parahatçylygyň belenet mazmunlaryny açyp görkezmekde üstünlikli çykyş etdi. Bu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip, yglan edilmegi ýurdumyzda Türkmenistan üçin wajyp ähmiýete eýedir. Çünki dostana ýurtlaryň biziň ýurdumyz bilen ähli ugurly diplomatik üstünlikleri gazanmagynda hem hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem – de Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz üçin edýän aladalary esasynda ýörelgä öwrülmegi diňe biziň halkymyz üçin däl – de eýsem parahatçylyk söýüji dünýä halklary üçin hem buýsandyryjydyr. Elbetde ylymly, bilimli ýşlary ruhy hem – de parasatly çelgisi bolmak beýik hem jöwher paýhasyň häzirki döwürde biziň Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy öňe alyp gitmegi bilen düşündirilýär. Çünki dünýäniň çar künjüne uzalýan Parahatçylyk baglary türkmen halkynyň gadymdan gelýän, iň gymmatly däp- dessurlary özünde jemleýän halkdygyny subut etmek bilen syýahatçylyga hem beýik ýol açdy. Bu hem iki halkyň arasyndaky halkara diplomatiýanyň bitiren uly işlerinden biridir. Türkmen topragynyň taryhy ýerlerine syýahat etmek şol sanda türkmen topragynyň taryhy bilen gyzyklanmak we ony bu günki gün dünýä ýaýmakda halkara parahatçylyk ýylynyň netije görkezýändiginiň ýene- de bir gezek aýdyň subutnamasydyr. Halkara diplomatiýanyň ajaýyp ýörelgeleriniň biri Gadymy Ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän Türkmen topragyny bu günki günüň modern kerwen ýollarynyň üstünden geçirmek boýunça birnäçe işleri ýola goýmagy bu günki gün biziň ýurdumyzda sanly ugur boýunça hereketleriniň hem kämilligini gazandy. Ýurdumyzyň parahatçylygyny hem – de Bitaraplygyny saglaýan ýer häzirki döwürde ýüpek ýoluň çatrygynda bolmak bilen geografik taýdan örän amatlylygy bilenbir hatarda bitaraplygynyň hem şu günki gün wajyplygyny özünde saklaýar.Ýüpek ýoluň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi örän ähmiýetlidir.Munuň özi bu günki gün Türkmenistanyň 30 ýyl bäri Birleşen Milletler guramasynyň doly hukuly we işjeň agzasy hökmünde Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmesinde möhüm orny eýelemegi, parahatçylykly ýaşamagyň , öňüni alyş diplomatiýasynyň we deňhukukly dialogyň ähmiýetinde ýaşlaryň tutýan orny barada düýpli pikirlenmegiň wajyplygyna 79-njy Mejlisinde bellenilip geçildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň bitaraplygyň parahatsöýüjilikli diplomatiýasynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, Türkmenistanyň liderlik häsiýeti özünde saklaýan döwletdigini, ýaşlag dialogynda has-da nygtap geçmek meseleleri bu ugurda geçirilýän möhüm çäreleriň özenidir we şeýle-de ýurdumyzda ýerleşýän edara – kärhanalaryň, jemgyýetçilik gurmalarynyň ýaşlary ýokary derejeli diplomatlar hem-de parhatsöýüjilikli ýaşlar edip öňe çykarmak meselelerine möhüm garlmagy gelejegiň diňe ýaşlara baglydygyny subut edýän ýene bir mysala öwrüldi. Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu günler Halkara parahatçylyk ýylynda birnäçe çäreleriň hem – de konferensiýalaryň, ylmy maslahatlaryňdyr, medeniýet günleriniň geçiriljekdigi hem – de ykdysady ugur boýunça dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen bu günki gün netijesini berýär. Paraahtçylyk söýüji halk bolan, parasatly türkmen halky gadymy asyrlarda hem dost- doganlyk gatnaşyklaryny hiç wagtda öz durmuşlaryndan aýyrmandyrlar. Hat-da türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyragy hem bu meselede hiç wagt çetde durmandyr. Tire- taýpalaryň birleşmesi bilen bir hatarda halklaryň dost- doganlyk gatnaşykalryna,olaryň dil medeniýetine beýik sarpa goýupdyr. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi bilen ýurdumyzda gelejege çeýe hem- de berk bedenli, sowatly ýaşlar bolup ýetişmek bilen, täze mekana, has ösüşlere baý, dünýäniň ýüzünde mundan hem beýläk halkara abraýa eýe boljak mekanyň eýesi bolmaga ýol çelgi alýan ýaşlary okatmak we olary gelejege taýýarlamak üçin dünýäniň ösüşlerini öwrenmek üçin dünýäniň çar ýerine ylym – bilim almaga mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Munuň özi halkara çäklerde topragynyň mazmuny has artýan ýurdumyz üçin abraýdyr. Türkmen diýarymyz gün – günden ösýär, özgerýär hem – de dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy- da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Çünki söwda ýollary, deňiz, kerwen ýollary her zamanda türkmen topragyna bolan ünsüni saklapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda edilýän işleriň gün geldikçe artmagy we halkara abraýa eýe bolmagy bolsa, topragmyzyň gymmatyny artdyrýar. Şeýle mümükinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem- de Hormatly Prezidentimiziň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitler hemişe rowaçlyklara beslenýär. Ýaşlar bolsa dünýäniň gelejegi. Ýurdumyzda okaan we bilim alýan talyp ýaşlaryň dünýä ülňülerinde gabat gelýän şertlere laýyklykda bilim almaklary we bu günki gün iň ýokary münberlerde “Ýaşlar dialogynyň Parahatçylyga we Ynanyşmaga kepil” şygary bilen çykyş etmekleri , Merkezi Aziýanyň parhatçylygyny hem-de onuň howpsyzlygyny gazanmakda diňe bir Merkezi Aziýanyň ýaşlaryny däl , eýsem – de dünýäniň ýaşlaryny çagyrmaklygy bu Türkmen ýaşlarynyň gelejekde Türkmenistany liderlik orunda tutup, parhaatçylga çagyryjy nesilleriň dörejekdigini subut eden mysallaryň biridir. Parahatçylygy gazanmaklary bu günki gün halkara gatnaşyklarda orun alýan ýurudmyzyň ýene bir gezek abraýyna abraý goşýar. Bu ajaýyp ädimleriň gönden – göni şaýady bolup,Ýaşlarymyz bu ugurda bilim almakda öňdebaryjy netijeleri gazanmaga çalyşýarlar. Elbetde Gahryman Arkadgymyz. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz Türkmenistan diýarymyzyň goýnunda Bitaraplyk derejesi bilen dünýä halkarlaryna parahatçylyk söýüji ýol-ýörelgäni baýdak edinmegini ýaýamagy bu günki gün halkara diplomatiýanyň uly goşandynyň bardygyny subut edýär. Ýurdumyzň üstünliklere beslenýän zamanynda edilýän işleriň naýbaşy hökmünde bu günki gün nusga alarlyklygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan ýokary hilli hyzmatlaryň hem sany artýar. Aşgabat şäheri hem – de Arkadag şäheri hem häzirki döwürde ösüşleriň şäherine öwrüldi. Munuň özi ýokary derejede gazanylýan üstünliklere mysaldyr. Halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini gowulandyrmakda edilýän işleriň aýdyň mysalydyr. Parahatsöýüjilik Gahryman Arkadagymyz bilen , Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen öňe äkitjek baýdagynyň, ýolunyň, ýörelgesiniň kökleridir. Türkmen Ýaşlarynyň çykyşyndna soň täze gurlan Arkadag şäheri we onuň ösüşlere laýyk gurluşy hem-de ýaşlaryň gelejegi bilen bagly öňe tutulan wajyplygy Nýu – Ýorkda Birleşen Milletler Guramsynyň ştabs- kwartirasynda 16 – njy aprelde geçilen Türkmenistanyň guramaçylyk eden “Merkezi Aziýanyň Ýaşlar dialogy”babatynda geçiren maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ruh alýa Akylly şäherler konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýar. Şeýlelikde, şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyryşyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän bir bitewi ekoulgam kemala gelýär. Bu konsepsiýa birnäçe ugurlary özünde jemleýär.Üstünliklere beslenýän türkmen binýadynyň ösüşlerinde ilkinji nobatda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmaklyk ýola goýulmagy ösüşlerden ösüşlere batly ädimler bilen barýan Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny barha ýokary göterýändir. Gahryman Arkadagymyzyň hem -de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzy öňe alyp barýan döwründe ýaşlaryň dünýä münberelrinde Parahatsöýüjilikli maslahatlara gatnaşyp, at- abraý bilen gelejegi parahatçlykly nazarlary bilen görmekleri türkmen ýaşlarynyň gelejekde ýurdumyzyň durmuşynda , halkymyzyň durmuşynda, beýik medeni miraslarymyzy gormakda uly orun berilýändigini alamatlandyrýar. Dünýäniň çar künjüne parhatsöýüjilikli ýaşaýyşy ýaýmakda edilen bu çykyşlaryň türkmen Döwletiniň baştutany tarapyndan goldanmagy bolsa, çýaşlara berilýän sarpanyň ýurdumyzda ýokary orny eýeleýändiginiň alamatydyr.Bitaraplygymyzyň Halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bu möhüm çäreleriň ýurdumyzyň bitaraplyk derejesindäki basgançaklarynyň wajyp bir ugrudygy mälimdir. Goý ýurdumyz parahat hem – de abadan bolsun, dünýäniň ýüzünde ýaşlaryň dialogynyň parhaatçylyga hem – de ynanyşmaga çagyrmagynda türkmen ýaşlary görelde bolsun. Şeýlelikde Orta Aziýanyň hem – de dünýäniň ýüzünde parhatçylygy hem-de howpsyzlygy amala aşyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan ýol alýan bu maksadalaýyk ýurdumyzyň gelejekki nesillerine nusga bolsun!

Gülbahar Kulowa

Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň uly Mugallymy