Ýurdumyzyň ýüregi bolan, gözellikde taýy ýok, iň ýaş hem owadanşäherimiz Köpetdagyň gyrasyny ýassanyp uzaklara, Magtymgulynyň şygyrly kagyzy ýaly uzalyp gidýär. Göýäki daglar bu şähere düşek kibi baýyrlaryndan orun berip, gözellik daly kibi ajap bir mekandan bu güne geçmişiň tze bir buşlukçysy kibi agdymy daglary ýassanyp ýatyr.Ösüşleri bilen, geçirilýän teatr festiwallary, kino festiwllary, beýleki maslahatlardyr, onferensiýalar bu şäheriň ýaşlar şäheridiginiýene bir gezke subut edýär. Ýurdumyzyň ösüşlerden ösüşlere gitmeginde Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy uludyr. Çünki onuň edýän işleri ,syýasy, medeni, ykdysady ýolgörkeziji bolup, bu günki gün dünýä halklarynyň liderleriniň ýanynda görülip- eşidilmedik abraýa eýedir. Dogrysy bu şäheriň gözelligini görmäge göz gerek, eşitmäge söz. Howasynyň jan şypa melhemi, gül-gunçalaryň içi bilen öwüsýän dag şemaly, bu zatlaryň ählisi seni özüne maýyl edýär. Türkmen topragy häzirki döwürde gözelligiň hem- de ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän konferensiýalardyr, onlaýn maslahatlarda biziň taryhymyz hem- de topragymyzda ösýän ösümlikleriň geň- taňlygy barada üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny elbetde tehnologiýalar zamanynda görmäge mümkinçilik tapdyk.Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýaşlar bilen geçiren umumy sapagynda hem öz topragymyzyň taryhyny, bilime gadym döwürlerde goýlan sarpa barada aýdylýar. Munuň özi bolsa, ýaşlary diýseň buýsandyrdy. Her bir juwan ýürekde watançylyk duýgularyny açmaga ýol, ýörelge boldy. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ruh alýan halkymyz sanly tehnologiýalar äleminiň şaýady bolmak bilen bir hatarda dolylygyna durmuşymyza ornaşýan tehnologiýalary durmuş maksatly ähli ýerlerde ulanmaga mümkinçilik tapýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere onlaýn tertipde önümçiligiň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzy öňe alyp barýan döwründe ösüşleriň şaýady bolýan türkmen halkynyň Bitaraplyk bavramynyň halkara derejede bellenilmegi bolsa, biziň ýurdumyzyň dostana gatnaşyklarda öňde goýýan wezipeleriniň ýoluny aýdyňladýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň –Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gurluşyk meýdançalaryň geriminiň giňemegi halkymyzyň dünýä standartyna gabat gelýän uly mümkinçiliklerden peýdalanýandygyny alamatlandyrýar. Beýik gurluşyklaryň beýik gurujysy Gahryman Arkadagymyz bolsa, ýurdumyzda , hat-da Orta Aziýada şeýle beýik gurluşyklary gurmaga ýol açmagy hem-de dünýäniň çar künjünden geljek gurluşykçylary ýola salmakda, gelejegiň beýik şäheri bolan ajap şäher gurluşygynda olaryň işewürlik görkezmegini gazanmakda iň esasy öňdebaryjydyr. Munuň özi onuň halkyny çyn ýürekden söýmegi bilen düşündirip bolar.Özboluşly gözelligi bilen dünýäden gelýän syýahatçylaryňdyr, bilim admalarynyň ünsüni özüne çekýän Arkadag şäheri bu günki gün täze bagtyýarlygyň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlan ýaşaýyş jaýlaryny görmäge göz gerek, onuň halky üçin eden işleri sanardan kändir.Gurluşyk meýdançasy köptaraply meýdança. Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görünşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy elbetde döwletimiziň admalar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr. Paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlarynyň çäklerinde, Arkadag şäheriniň sansyz giňişliginde bu günki gün iň ýokary tehnologiýalaryň mekany bolan ýurdumyzda ösüşler sanlaşdyrylma arkaly «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Uzak aralykdan dolandyrylýan iýmitlendiriş çeşmesini ýa – da yşyklandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.Dogrusy eýesiniň güýji bilen dolandyrylýan hadysalary awtoulaglar ýa- da hiç hili eýesiz ulaglar bu günki gün dünýä tehnologiýasynda geň hadysa däldir. Emma eýesi ýok wagty öýüň gowy saklanmagy we öz aklyny ulanmagy bolsa, gerekli zatdygyny subut etdi. Öý eýesi ýok wagty, jaýyň suw geçirijilerinde şikes dörese, sensorlar suw syzmany duýýar we öý eýesine habar berip, suw geçirijileriň ählisini öçürýär. Beýik lideriň ýolbaşçylygynda dünýä standartlaryna gabat gelýän , häzirki döwrüň modern şäheriniň taslamasy, onuň sungata öwrülen arhitekturasy bu gün onuň ýiti zehiniden ylham alynmasydyr.Dogrusy şäher we oba gurluşyk işleri biziň ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýar we halk bähbitli işleriň sanawynda gurluşyk desgalary hem – de şäher gurluşygy giňden ýaýbaňlanýar. Hut ýaňy- ýakynda açylan Arkadag şäheri bolsa, munuň janly şaýadydyr. Häzirki döwürde dünýäniň ýüzünde köpelmegi we olaryň täsinden, täsinleriniň ýüze çykmagy, şol bir wagtyň özünde eýesini tanamak, onuň sesi bieln öýüň dolandyrylmagyny gazanmak ýaly gyzykly hadysalar , baryp sensorlar zamanasynyň altyn çagynda amala aşyryldy. Arkadag şäherimiziň gözelligi, onuň her binasynyň öňünde gijelerine ýyldyzlar bilen bäsleşýän ýagty meýdançalar, çagalr üçin meýdançalar bu diýseň täsindir. Çünki bu ajaýyp zamanamyzda ynsanlaryň bagtyýar durmuşyny iň ýokary derejede ýerleşdirmek üçin bu şäher bina edildi. Diňe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda şeýle belentliklere ýetmek, gelejege bolan beýik ynam şäher gurluşygy bilen bir hatarda ýene nijeme gözel sitileri hem-de akylly şäherleri beýik lideriň arhitektura söýgüsinden sungata öwrülmesi, diňe onuň galamyndna çykan senaly sözlerden başlap, beýik gurluşyklary hem dünýä äşgär eder. Adamzat dünýäsinde täzelikleriň her bir zamanda bolany taryhda bar. Emma häzirki döwür ýaly, tehnologik ösüşleriň zamany bolmagy bolsa, bu günkigün täze ymtylyşlara barýan adamzat taryhynda iň ösüşler zamany bolup ýadygärlik galar. Arkadag şäheriniň iň ýokary tehnologiýalar bilen birleşdirlen şäher bolmagynda ýurdumyzyň ösüşlerini jemleýän şäherde raýatlarymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Bu bolsa bagtyýarlygyň röwşen geljegini nazarlaýan ýene bir beýik ädimdir. Milli Liderimiziň hem-de Arkadgly Gahryman Serdarymyzyň aladalaryndan halkymyza peşgeş berilen bu ajaýyp şäher ýylyň her paslynda hem owadan. Göýäki gözel bir sungatyň arhitektura ansambly bolmak bilen gelejegiň nurana ertirlerine ak arzuwlar bilen gadam basýan körpeleriň mekdebe gitmegi, uly adamalryň işe , okuwa gitmegi seni her säher buýsandyrýar.Halkymyz üçin şeýle ajaýyp mekany gurup, ulanmaga bermekde ähli goldawlaryny beren Gahryman Arkadagymnyzyň hem- de atalyk parzyny ýerine ýetirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Wepa Babajanow
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyby