20-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oraly kabul etdi. Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Munuň şeýledigine bilelikde amala aşyrylan onlarça taslamalar hem-de häzir durmuşa geçirilýän dürli ugurlardaky taslamalar, hususy ulgama degişli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän işewür gatnaşyklar, yzygiderli guralýan sergiler we işewürlik maslahatlary aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, gurluşyk toplumy, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk pudagy we beýlekiler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.
Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, onuň wajyp ugurlaryny işläp taýýarlamagyň anyk guraly hökmünde Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi.