Türkmen topragynyň her gysym ýerinden bereket akýar. Her bir owuç ýeri bereketden doly, gysymlasaň altyna barabar, gazylyp alynýan baýlyklary boýunça görülip- eşidilmedik sepgitlere ýeten toprak baýlyklarymyzyň gizlin hazynasynyň üsti Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da ýaýbaňlandy, açyldy. Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz käni munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Döwletimiziň senagat taýdan berk, ygtybarly hem-de öz- özüni dolandyryp bilýän döwlet hökmünde dünýä meýdançasynda abraý almagynda “Galkynyş” gaz käniniň hem goşandy uludyr. Çünki ýurdumyzda ýerleşýän bu gaz käninden 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukdaky buraw işleri üstünlikli geçirilip,netijede ýer astyndaky 4417-4281 we 4266-4226 metr aralykdaky gatlaklarda täze tebigy gaz akymynyň alynmagy senagatlaşan ýurdumyzda gelejegiň bir gije gündizde 2 million kub metr gazy bir gije gündiziň dowamynda almaga mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary bäri ýetilen sepgitlerinde senagat taýdan ýaramly bolan gaz akymynyň alynmagy netijseinde çylşyrymly tehnologiýalaryň hem paýy uludyr diýsek, ýalňyşmarys. Hem ussat hünärmeni hem-de öte çylşyrymly hem-de netije berip biljek tehnologiýalaryň üstünligi bolan bu netijede elbetde bu gaz käninde gelejekde has-da uly sepgitlere ýetiljekdigi bellidir. Türkmen topragy aslynda hem bereketli toprak, şol sebäpli hem onuň her bir çägesinde altynyň gymmaty bolşy ýaly, suwuklandyrylan önümleri bolan nebit we gazda hem , şeýle – de beýleki ýerasty baýlyklary bu günki gün ýurdumyzda bellenilýän Halkara Bitaraplygymyzyň otuz ýyllyk baýramy bellenilýän ýylynda dünýäniň çar künjüne uzaýan türkmen gollary, parahatçylygyň hem ynanyşmagyň gollary bu günki gün ýurdumyzyň baýlyklarynyň tehnologiýalar bilen birlikde dünýä ýaýraýan zamanasyna öwrüldi. Halkymyzyň gadymy taryhy ýoly bolan kerwen ýollary , ýagny gadymy ýüpek ýoly , Gahryman Arkadgymyzyň kitabynda belläp geçişi ýaly adamzat taryhynda , has-da gündogarda iň ygtybarly söwda ýollarynyň biri bolup, onuň ähli çatryklary türkmen topragynyň üstünden geçmesi topragymyzyň gadymy ýüpek ýolunyň – söwda ýolunyň üsti bilen dünýäniň söwda platformasyny birleşdirýän halka bolandgyny subut edýär. Munuň özi gaz käninde hem ýokary netijeliligi bu günki gün görkezýär, dünýäniň çar künjünden gelýän söwda, işewür myhmanlaryň hem bu ugur bilen aýratyn gyzyklanmalary , häzirki wgatda Türkmenistan – Hytaý söwda ýolunyň ykjam ýola goýulmagy bilen bagly ugurlarda ýangyç energetikasynyň hem ähmiýetiniň bolmagy dünýä standartlarynda harydy bol bolan döwletiň maddy hem ruhy binýadyndaky ornunyň ýokarlanmagynda diňe döwlet baştutanlarynyň aladalary bilen amala aşyryp boljakdygyny subut etmesi “Galkynyş” gaz käninde ýerleşýän ýokary netije gazanmaga mümkinçiligi bolan buraw kärhanasynyň üstünlikleri bilen gabat gelýär. Hyjuwly türkmen burawçylayrnyň we hünärmenleriniň ýüreginiň gaýnap duran söýgüsinden, ýiti zehinden, akyldan hem- de watana bolan söýgiden, ýaşyl baýdaga bolan buýsançdan gelip çykýan joşgunly zähmet netijesi -elbetde hökman ýeňişli ýollara rowan bolup, gelejekde bu kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň we halypalaryň ýurudmyzyň “Galkynyş” gaz käniniň hyjuwly hünärmenleriniň zähmet çekýän gadymy topraklarynda bolsa Gadymy Ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän kerwensaraýlaryň bolandygyny.Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu günler Halkara parahatçylyk ýylynda birnäçe çäreleriň hem- de konferensiýalaryň, ylmy maslahatlaryňdyr, medeniýet günleriniň geçiriljekdigi hem-de ykdysady ugur boýunça birnäçe diplomatik gatnaşyklaryň giň mmükinçilikler aljak ýyly boljagy eýýäm ýylyň başyndan hem bellidir. Bu mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem-de şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen bu günki gün netijesini berýär. Paraahtçylyk söýüji halk bolan, parasatly türkmen halky gadymy asyrlarda hem dost – doganlyk gatnaşyklaryny hiç wagtda öz durmuşlaryndan aýyrmandyrlar. Munuň özi halkara çäklerde topragynyň mazmuny has artýan ýurdumyz üçin abraýdyr. Türkmen diýarymyz gün- günden ösýär, özgerýär hem-de dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy-da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar. Elbetde ýeneki ösüşler öňde. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda edilýän işleriň gün geldikçe artmagy we halkara abraýa eýe bolmagy bolsa, topragmyzyň gymmatyny artdyrýar.Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Nebit we gaz ulgamy – da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp, diýarymyz beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem buýsandyrýar hem-de işimize söýgümizi artdyrýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem- de Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitler hemişe rowaçlyklara beslenýär. Ýaşlar bolsa ýurdumyzyň gelejegi, olaryň okap, ösüp halkara diplomatiýasy üçin hem taýýarlykly gelejegiň parahatçylygyny hem-de dünýä abraý getirjek usullaryny saglaýan ýaşlar bolup ýetişmeklirini gazanmaklary bu günki gün halkara gatnaşyklarda orun alýan ýurudmyzyň ýene bir gezek abraýyna abraý goşýar. Bu ajaýyp ädimleriň gönden – göni şaýady bolup,ýaşlarymyz bu ugurda bilim almakda öňdebaryjy netijeleri gazanmaga çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halky ösüşlerden ösüşlere barýandygyny hem – de Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary halkymyzy bu gün bagtyýar durumyşyň şaýady bolmaga mümkinçilik döredýär. Ösüşlere şamçyrag bolup duran –Arkadagymyzyň ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyza berýän ündewleri olaryň ukyp – başarnygyny Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmen ýurduna laýyk edip terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly pikirleri halkara giňişliginden sagdyn türkmen ýaşlarynyň gelejegini nazarlaýan ylymly – bilimli, zehinli ýaşlaryň ýörelgesi bolamgynda galýar. Ýurdumyzda “Galkynyş” gaz käni mawy ýangyjyň çykýan iň ygtybarly çeşmeleriniň biri bolmagynda galýar. Munuň özi ýurda abraý getirýän hem-de gerekli çyg mal bilen üpjünçiligi gowulandyrmaga hyzmat edýän kärhanalaryň biri diýmekdir. Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen türkmen burawçylary hem iň gowy şertlerde zähmet çekip, watanymyza hyzmat etmekde ellerinde baryny gaýgyranoklar. Bize halkymyza hyzmat etmek üçin, ýurdumyzyň güllemeginde öz goşandymyzy goşmak üçin şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadgymyza hem-de Hormatly Prezidentimize köp sagbolsunmyzy aýdýarys!
Wepa Numadow
“Galkynyş” gaz käniniň operatory