Her gysym topragy berekete beslenen türkmen bu günki gün Garaşsyzlyk ýyllary içinde görülip – eşidilmedik ösüşleriň, özgerişleriň şaýady boldy. Adamyň durmuşynda hünär edinmek wajyp bolşy ýaly, meniň hem hyýallarym “Galkynyş”gaz käninde tejribeli hünärmen bolup, birnäçe ýyl zähmet çekmek bilen birlikde netije gazanmak hem ýurdumyzda birnäçe nokatlarda alnyp barylýan buraw işlerinde ýokary netijeleri gazanýan kärhanamyzyň öndürijiligini artdyrmakda zähmetimizi gaýgyrmaýan ýaşlar bolup zähmet çekmek wajyplygyny öňümizde borç edip goýýarys. Halkymyzyň ýokary hilli ýaşamagy, dünýä standartlaryna laýyk gelýän öýlerde ýaşap, edara- kärhanalrymyzyň sanlaşdyrylan görnüşde , ýokary hilli ajaýyp bir binalar bolmagyny gazanmak, halkyň içki bazaryny üpjün etmek bilen halkymyzyň ösüş aýratynlyklarynda ýer almak biziň üçin hem bagtdyr. Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň agzybir hem-de parahat durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalara mynasyp jogap bermek biziň- hünärmenleriň hem wajyp wezipesidir. Topragyndan iň gymmat baýlyklar önýän Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar.Bu ugurlaryň gün geldikçe ösmegi bolsa,gadymy ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän türkmen topragyna bolan gyzyklanmanyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Biz hem hünärmenler topary, burawçylar bolup, ýurdumyzyň “Galkynyş”käninde zähmet çekmek bilen gaz burawlaýjylar bolup, zähmet çekmek bilen dostlugyň gadryny bilip, agzybir toparymyz bilen işewürlikde zähmet çekýäris. Munuň özi bize işiň hötdesinden gelemgä giň mümkinçilikleri açýar. Dostluk – bu adam durmuşyny bezeýän duýgy.Haçanda seniň mynasyp dostuň bolanynda,sen oňa guwanýasyň we ol dost bilen dünýäňi abadan saklamaga hem – de ýüze çykýan ähli meseleleriňi bile paýlaşmaga ymtylýarsyň. Dostuň ýagşysy seniň diýeniňe diýmäkäň düşünýän hem -de seniň ruhy ahwalyňy syzýan ynsandyr. “Dost” diýileninde türkmen halky dostlukly gatnaşyklaryň tarapdarydygyny bellemek zerurlygy ýüze çykýar.Çünki adamyň ýagşy dosty köp bolanynda onuň ruhy dünýäsi baý bolýar hem – de onuň hemişe göwni şat bolýar.Bir bolmagyň, dostlugyň aňyrsynda watanymyz üçin edilmeli işler juda kändir. Şonuň üçin Halkara gatnaşyklaryň ýygjamlaşmasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitaraplygymyzyň bu ýyl halkara derejesinde bu ýyl bellenip geçilmesi bolsa, häzirki zaman ösen tehnologiýalara baý zamanymyzda biziň hem öz hünärimiz boýunça , öz kärhanamyzda jan aýaman zähmet çekmegimize giň mümkinçilikler açýar. Biz hem özümiziň agzybir toparymyz bolup “Galkynyş” gaz käninde işlemek bilen birlikde ýurdumyzyň iň iri gaz känleriniň biri bolan kärhanamyzda her ýyl ykdysady göterijiligi bilen uly netije gazanan halkara ülňüleriň hatarynda enjamlaşdyrylan “Galkynyş” gaz käni hem şeýle abraýyly ýerasy baýlyklarymyzy öndürýän abraýly kärhanalaryň biri hökmünde ýudumyzda tanalýandyr. Bu sebäpli hem gaz guýularynyň zerur buraw işleri üçin döwletimiziň aladasy , Gahryman Arkadgymyzyň hem – de Hormatly Prezidentimiziň buraw işgärleri, hünärmenler üçin döredip berýän şertleri ilkinji bellärliklidir.Häzirki döwürde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki – taslama resminamalary taýýarlanyp, gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy. Munuň özi halkara çäklerde topragynyň mazmuny has artýan ýurdumyz üçin abraýdyr. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde taslamanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirini bahalandyrmak işleri tamamlanyp, onuň netijeleri alyndy. Işleriň guramaçylyk derejesi, zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy talaplarynyň berjaý edilmegi, şeýle hem täze tehnikalaryň ulanylmagy burawçylara önümçiligiň ýokary depgini saklap galmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde dostana gatnaşyklar bilen birlikde döwletara gatnaşyklaryň hem ýola goýulmasy ýurdumyzda hünärmenleriň hem şahsyýetleriň hem öz işine jogapkärçilikli çemeleşmegine mümkinçilikleri giňeltmek hukugyna eýe edýär. Häzirki döwürde dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmen gazynyň ähmiýetli bolmagy biziň ýurdumyzda dostluga, agzybirlige nähili gadyr goýulýandygy bilen gönüden – göni baglydygyny görkezdi. Senagatlaşýan ýurdumyzda öz çyg malymyz bilen içki sarp edijileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak hem-de sarp edijiligi ýola goýmak, islendik gerekli çyg mallar üçin öndürilýän tebigy gazyň bahasynyň gymmatyny bilmek diňe Garaşsyzlyk ýyllarynda mümkünçilik tapdy. “Galkynyş” gaz käniniň bökdençsiz we ygtybarly işlemegi üçin döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň bu günki gün ýurdumyzda we dünýäde zerurlygy bilen öz gymmatyny hiç wagt ýitirmejek gaz käniniň kemala gelmegine we ýene – de öňkülerden hem hünärmenleriň has işeňňirliginiň artjakdygyna güwä geçýär. Ykdysady hem – de syýasy, medeni üstünliklerine ser salmak müňlerçe ýyllaryň adatydyr. Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we görelde mekdebiniň bardygyny subut etdi. Çünki goňşuçylyk gatnaşyklarda bu ajaýyp yzygiderli göreldeleri görkezmek bilen gaz bilen üpjün edilen maşgalalaryň şatlygynyň çäksizligi uly buýsançdyr. Şeýle ajaýyp görelde biziň ýurdumyzda ata – baba gelýän däp – dessurlaryň biridir. Elbetde komputerde ýaş nesillere sapak geçmek bilen birlikde ýaşlaryň döredijilikli zähmetleriniň häzirki zaman tehnologiýalar zamanynda görülip- eşidilmedik üstünliklere berip bolýan islendik maglumatlary gaýtadan işlemäge ýaramly bolup başlaýarlar. Türkmen tebigatynyň her bir geçelgesinde topragyndanbal damýan derýalary, daglary, dereleri , çeşme- çaýlary bu bereketli türkmen topragynyň ýerasty baýlyklary hem-de ýerüsti baýlyklary bilen gönüden – göni baglydyr. Nebiti – gazy bilen dünýä belli topragymyz diňe bir nokatdan gazylýan baýlyklary bilen meşhur bolman, eýsem ýurdumyzda hazaryň kenarynda oturan ajaýyp howaly ýerlerinde hem-de deňiz ýolalrynyň üsti bieln dünýäniň çar goluna ýaýraýan deňiz, howa ýollary hem bu günki gün wajyp bir ädimleri ätleýän, halkara meýdançasynda öz mynasyp ornyny tapýanlygy bilen bagly netijeli işler ýola goýulýar. Türkmen alymlary we hünärmenleri, mundan beýläk hem oba hojalygynda ulanmak maksady bilen, “Altyn Asyr” Türkmen kölünde ýygnanýan suwuň anyk möçberini we hilini, şeýle – de bu sebitde ýetişdirilýän oba hojalygy ekinleriniň aýratynlyklaryny içgin öwrenerler.Ýer ýüzündäki iň uly dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamy bolan Hazar deňzi bu günki gün dünýäde gaty uly wezipäni öz üstüne alýan we gelejekde nijeme gerekli maddalaryň çöketligi bolan deňizdir. Ýokary çuňlugy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar.Ortaça çuňlugy 208 metr töweregi, Hazar deňzinde tolkunyň hasaba alnan ululygy 11 metre barabar bolup, onuň tolkunlarynyň degişliligi bolsa mizemezdir. Aral kölüniň gapdallaryny agaçlandyrmak meseleleri. Bu ugurda ojar agaçlary göz öňüne tutulyp, ekilmäge başlady. Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Öri meýdanlaryny giňeltmek, balykçylygy ösdürmek we suw serişdeleriniň goruny döretmek üçin giň mümkinçilikleri açylýandygy hakynda nijeme gezekler ýazdyma, ýöne gözüm bilen görmändigim üçin men bu zatlary arzuw hökmünde gelejekki ýüzýyllyklara çenli dowam eder. Her gysym topragynda baýlyga eýe bu ýerlerde nebit ýataklarynyň we gaz känleriniň tapylmagy bolsa, has dogrusy täze zamannyň gözel goýnunda ýaşaýan halkymyz şaýat boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary – da olarda gurulmagy göz öňünde tutulýan döwrebap ýaşandygyny elbetde biziň bilmeýänimiz ýok. Her bir dostuň özüň ýaly watansöýüji,il – halka peýdaly bolmagyny gazanmak bolsa,gelejekde şahsyýet bolmagyň iň nurana keşbidir.Her bir adamda dost näçe köp bolsa,şol adamyň dünýäsi ýokarda belleýşimiz ýaly juda rahatdyr. Türkmen diýarynyň hili taýdan ýokarlanýan önümleri bilen, dostana gelýän myhmanlarynyň hoşniýetli gatnaşygy bilen şeýle- de Türkmen diýarynda Garaşsyzlygyň netijesi bilen ölçelýär. Parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan su syýasy ähmiýetli döwletara çäresi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.Ýurdumyzda geçirilýän beýleki çäreler hem halk bähbitli işleriň amala aşyrylmasy esasynda örän köp işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär. Iň esasy ugurlar boýunça edilýän işleriň netijeliligini görkezmek bilen halkymyzyň ýaşaýyş – şertlerini hem – de ruhy dünýäsini aýap saklamak hem – de döwrebap ösüşler bilen alyp gitmek meseleleri örboýuna galýar. Bu hem ähli ugurlardaky işleriň netijeli we çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Sanly dolanyşygy aradan aýrylyp, elektron dolanyşyk arkaly işleriň göwnejaý hem – de talabalaýyk derejede çalt depginlerde durmuşa ornaşmagyna ähli şertler döredilýär.Munuň özi ykdysady tygşytlylyk bilen bir hatarda edilýän işlere goltgy bolýar.
Wepa Numadow
“Galkynyş” gaz käniniň operatory