Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmunyny şöhlelendirjek möhüm çärelere diýseň baý bolar. Ýylyň dowamynda guraljak halkara dereje sindäki çärelerde türkmen Bitaraplygynyň halkara ähmiýeti öz beýanyny tapar. 21-nji martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň görkezijisidir. Munuň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçmesidigine hem aýratyn ünsi çekmek gerek.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Şonuň üçin hem, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň şeýle uly derejede bellenmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

 4-nji ýyl talyby Berdimyradowa Aýgül