Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda işjeňligi barha giňişleýin häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetimiziň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, şol sanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär.

Häzirki döwürde intellektual we tehnologik bäsdeşlik barha ýiti häsiýete eýe bolýar. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşiniň 80-95 göterimi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Bu bolsa şol ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini görkezýär. Şol sebäpli öz ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet öz ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiliklerini netijeli ulanmaga çalyşýar. Ýurdumyzyň aň-paýhas mümkinçiliklerini milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän serişdä öwürmek şu günüň möhüm ähmiýetli wezipesidir. Milli ykdysady strategiýada ylma daýanýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürmek wezipesine aýratyn orun degişlidir. Täze bilimleriň we tehnologiýalaryň döredilmegi, olaryň döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň hatyrasyna ulanylmagy dünýä hojalygynda ýurduň tutýan ornuny kesgitleýän görkezijilerdir. Aýratyn-da, takyk we tebigy ylmy ulgamynda nano we himiýa tehnologiýalaryň, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamy we kompýuter tehnologiýasy, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet we ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleri hökmünde degişli maksatnamalarda şöhlelenýär. Ine, şeýle köptaraplaýyn maksatnamalaýyn çemeleşmeleriň we makro derejedäki çäreleri durmuşa geçirmegiň esasynda milli innowasion ulgam emele gelýär.

Sanly ykdysadyýet informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuşy we medeni aragatnaşygyň ulgamy diýmekdir. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň, informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň ähli mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we durmuşa ornaşdyrmak ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda iň täze mümkinçilikler we gazanylanlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.

  Jahan JUMAGULYÝEWA

  Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi