Strategiki menejment düșünjesi merkezi zynjyry strategiki meýilnamalașdyrmak bolan, strategiki çözüwleriň kabul edilip durmușa geçirilmegi bilen baglanyșdyrylýar.Bu diňe hojalygyň uzak möhletli ösüșini kesgitleýän strategiki dolandyryș çözüwleriniň toplumy bolmak bilen çäklenmän, onuň dașarky üýtgemeleri çalt duýup, șoňa görä maksatlaryň we ösüșiň umumy ugrunyň täzelenmegini hemüpjün edýär.

Strategiki meýilnamalașdyrmak bolsa hojalygyň maksatlarynyň mümkinçilikleriniň we marketing gurșawyndaky maýlarynyň arasyndaky strategiki gabat gelmeleriň döremeginiň we gollanmagynyň wajyp wezipesidir. Strategiki meýilnamalașdyrmak esasy maksatlary we wezipeleri, aýdyň pikirleri we ösüș strategiýasyny anyk kesgitleýän çaklamalara daýanýar.

Strategiki menejmente, esasy orny strategiki meýilnamalașdyrmaga berlen ýagdaýdaky hojalyklaryň gelejekdäki ösüșleriniň dolandyryș ulgamy görnüșde hem seredip bolar. Șeýle hem strategiki menejment așakdaky wajyp üç soraga jogap berýär:

– Häzirki wagt hojalygyň ýagdaýy nähili?

– Onuň üç,bäș, on ýyldan nähili ýagdaýda bolasy gelýär?

– Nähili edip islenýän ýagdaýa ýetip bolar?

Birinji soraga jogap bermek üçin, nirä gitmelidigini çözmänkäň, hojalygyň häzirki ýagdaýyna oňat düșünmeli. Beýle diýildigi geçen, häzirki we geljekdäki ýagdaýlara seljerme bermek üçin strategiki çözüwleriň maglumat esaslarynyň zerur bolup durýanlygydyr. Ikinji sorag strategiki menejmenti gelejege gönükdirmek aýratynlygyny göz öňünde tutýar. Oňa jogap bermek üçin haýsy maksatlaryň goýulýanlygy we nämä ymtylynýanlygy anyk kesgitlenýär. Üçünji sorag saýlanyp alnan strategiýalary amala așyrmak bilen bagly. Onuň gidișinde seredilýän etaplarda sazlașyklaryň bolmagy mümkin. Bu etaplaryň düzüjileri ýa-da çäkleri bolup, saýlanyp alnan strategiýany amala așyrmak üçin bar bolan serișdeler, dolandyryș ulgamy, guramaçylyk düzümi we ișgärler hyzmat edýärler.

  Sylap MUHAMMEDOW

   Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby