Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rahym Nurgeldiýewiç Gandymow Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Nepes Kadyrgulyýewiç işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Iskenow Gurbanmämmet Amanowiç işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Tejimowiç Rozyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.