Bazar ykdysadyýeti öz miwelerini berýär. Ykdysadyýet ýokary depginler bilen ösýär. Bu bolsa halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna getirýär, şonuň ýaly-da, döwlet büjetiniň girdejiler böleginiň ýokarlanmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde, döwletiň elindäki maliýe serişdeleriniň artyp, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini bökdençsiz maliýeleşdirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň milli girdejisi önumçilikde, ýagny senagat we dürli pudaklarda emele getirilýär. Şol milli girdejini emele getirmekde esasy wezipäni dürli eýeçilik görnüşde hereket edýän önümçilik kärhanalary ýerine ýetirýär. Kärhanalar diýlende, dürli eýeçilik görnüşlerde hereket edýän kiçi, orta we uly karhanalar, firmalar, korporasiýalar, şol sanda dürli pudaklarda hereket edýänler (banklar we beýlekiler) umumylaşdyryp aýdylýar. Kärhanada jemi içerki milli önüm hem-de onuň bir bölegini tutýan milli girdeji pul görnüşinde öndürilýär hem-de maliýäniň üsti bilen paýlanylýar.
Netijede, milli girdejini emele getirmekde, artdyrmakda hem-de paýlamakda kärhananyň maliýesiniň ähmiýeti iňňän ýokary. Kärhana maliýesi umumy maliýäniň bir bölegi bolup, ýagny onuň esasyny tutýar. Kärhanada ýüze çykýan maliýe gatnasyklary kärhana maliýesini düzýär, üznüksiz önümçilik şertlerinde kärhanany pul serişdeleri, maliýe serişdeleri bilen doly we öz wagtynda bökdençsiz üpjün etmek kärhana maliýesiniň esasy wezipesi. Kärhanada öndürilen milli girdejini dürli ugurlar boýunça akylly-başly paýlamakda kärhana maliýesiniň ähmiýeti uludyr. Kärhanada milli girdeji paýlanylan wagtynda salgytlar esasynda döwletiň bähbidi göz öňünde tutulyp, onuň büjetiniň girdejileri emele getirilýär, kärhana üçin zerur bolan pul toplumlary döredilýär.
Sona GURBANOWA
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň senagat tehnologiýa fakultetiniň Suwyň we ýangyjyň tehnologiýalary hünäriniň 1-nji ýyl talyby