Asyrlaryň gatyna siňen şöhratly taryhy ýollar, türkmen gerçekleriniň merdanalygyna eýlenen taryhy ýyllar halkymyzyň hakydasynda müdimilik ýaşaýar. Olar hakynda gozgalan gürrüňler nesilleriň aňyna mukaddesligiň söhbedi bolup ornaýar. Käbir taryhy wakalar çagalygymyzdan gulagymyza guýlup öwredilen ýaly. Aslynda welin, olar biziň süňňümize pederlerimiziň watançylyk ruhy bilen ornan.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy mekdep ýyllarymyzdan bäri aňymyzda. Heňňamyň beýik hekaýatlarynyň arasyndaky bu ýowuz ýatlama bilen tanşan her bir türkmen nesliniň Watan üçin şirin janyny orta goýup söweşen pederlerine bolan hormat-sarpasy artýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherimizde şöhratly taryhymyza çäksiz hormatyň nyşany hökmünde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy ebedileşdirildi. Her ýylyň 9-njy maýy golaýlaberende, ata-babalarymyzyň, merdana gerçeklerimiziň watansöýüjilik ýoly, mertligi hakynda oý-pikirlere berilýärsiň. Watan üçin, ýurt üçin ýow meýdanyna giren gahrymanlarymyz nesilleriň röwşen geljegini Ýeňiş bilen ýagty ertirlere atardylar. Merdana pederlerimiz biziň agzybir, bagtly günlerde ýaşamagymyz üçin gahrymanlarça söweşdiler.

Ser berip, ýer bermedik gerçeklerimiziň bu ýeňşi dünýädäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenlere müňýyllyklaryň beýik şan-şöhrat bagyş edip, ýeňiş gazanmagy ýurduň ykbalyna öwrendigini subut edýär. Hut şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde hem belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň şanly baýramy bolan Ýeňiş güni il-günümiz tarapyndan egsilmez joşgun, uly dabara bilen bellenilýär.

Her ýylyň 9-njy maýynda dünýäniň parahatçylyk söýüji ilatynyň bir bölegi Ikinji jahan urşunyň tamamlanan gününi, beýleki bir bölegi, şol sanda türkmenistanlylar bolsa Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramyny belläp gelýärler. Ýeňijileriň nesilleri bu gün hem Ýeňiş sazyny çalýarlar, ýöne hernäçe dabaraly, belent, durmuşy taryplaýjy bolsa-da, onda ynsan agysynyň äheňi bar.

Bu ýyl — Ýeňiş üçinem, ýeňiji halklar üçinem aýratyn sene. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy. Bu senäniň täsirleriniň içinde durkaň, üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ady gulagyňa-da, aňyňa-da, gursagyňa-da has uly many-mazmun, paýhas-parasat bolup guýulýar.

Güljan Dõwranowa,

Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Lebap welaýatynyñ Saýat etrap Geñeşiniñ guramyçylyk bölüminiñ baş hünärmeni