Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 1995-nji ýyldan bäri her ýylyň Iýun aýynyň 26-sy, neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy ―Halkara göreş” güni bellenip geçilýär. Neşekeşlik we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy häzirki döwürde dünýä boýunça iň çylşyrymly meseleleriniň biri bolup durýar, onuň jemgyýetçilik howpy örän ulydyr. Neşe özüniň hemişe ýada ýzygiderli ýagdaýda ulanylmagyny talap edýär. Netije-de bolsa, adamynyň neşä bolan garaşlylygy, oňa baglylygy ýüze çykýar.
Neşe serişdeleriniň adamyň aňyna dowamly täsir etmegi dünýa garaýşynyň gowşamagyna, ýadyň bozulmagyna getirýär. Neşekeşler öz işlerine, dogangaryndaşlaryna, hatda, öz çagalaryna biparh garap başlaýarlar. Olar özlerine erk edip bilmeýärler, olaryň daşky görnüşi ýaramazlaşýar, ahlak taýdan bozulýarlar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna göreşmek bilen bagly meselelerini ähli döwletleriň güýçleriniň toplanşygy esasynda çözülip bilner. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy neşe serişdeleriniň bikanuň dolanşygyna garşy göreşi amala aşyrmak we oňa gözegçilik etmek üçin ýörite fondlary ykrar etdi we ş.m. çäreleri geçirýär. Biziň döwletimizde neşekeşlige garşy göreşmek meselelerine işjen seredilýär we neşekeşlik ýaly belany ýok etmek bu umumy ählihalk işi bolup durýar. Şonuň üçin, uly-kiçi diýmän, maşgalada we jemgyýetde, her bir maşgala we jemgyýet agzasy neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmekde öz goşandyny goşmaly.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlislerini jenaýatçylygyň öňüni almak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli geçirýär. Olaryň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň – Goranmak ministrliginiň, Döwlet Serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň, Adalat ministrliginiň, Döwlet Migrasiýa gullugynyň edýän işleriniň jemlerini jemlemek we olaryň öňünde durýan täze wezipeleri kesgitlemek, Garaşsyzlygyň esaslaryny berkitmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň parahat we abadan durmuşda ýaşamak üçin şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleler seredilýär. Döwlet Baştutany her çykyşynda neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we ýaýradylmagyna garşy göreşe her bir adamyň ünsüni çekýär, neşekeşligi ýok etmek işi diňe neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň däl-de eýsem, hemmeleriň mukaddes borjudyr we bu mesele biziň ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm meseleleriniň biridir diýip belleýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti döwlet ýolbaşçylaryň degişli wezipeleri öňünde goýdy, şoňa görä-de, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary neşekeşlige garşy alyp barýan göreşinde ilkinji hatarda bolmalydyrlar, bu ýowuz bela garşy ähli serişdeleri we mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr, neşekeşlige çarşy göreşmegiň köpçulikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ilatyň, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, beden taýdan sagdyn we ruhy taydan kämil ýaş nesli taýarlamak ýaly netijeleri usullary giňden ulanmaly.
Raýatlaryň parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, azat-erkin zähmet çekmegi, dünýä derejesinde ylym-bilim almagy üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.Garaşsyz ýurdumyzda gazanylýan syýasy-ykdysady ýeňişler halkymyzy eşretli, abadan ýaşaýşyň, bolelin durmuşyň belentliklerine atarýar. Raýatlaryň maddy we ruhy taýdan üpjün edilen durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber tagallalar amala aşyrylýar. Adalat jemgyýetimizde raýatlaryň kanuny hak-hukuklarynyň goralmagyna, her bir adamynyň kanunda görkezilen kepilliklerinden peýdalanyp bilmegine oňyn şertleriň döredilmegi, ýurtda demokratik özgertmeleriň, dünýä döwletleriniň parahatçylygyna, asudalygyna, durnuklylyga we howpsuzlyga gönükdirilen syýasatlaryň ýöredilmegi Bitarap türkmen döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokary göterýär. Hukuk goraýyjy edaralary tarapyndan döwletimizde geçirilýan çareleriň hemmesi jenayatlaryň öňuni almaga niýetlenen. Jenaýatlaryň öňüni almakda esasy sertleriň biri-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreş çärelerini geçirmekdir.
Söýligözel NURMUHAMMEDOWA
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby, Kärdeşler arkalaşygynynlň talyp hakynyn eýesi