Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygynyň nyşanydyr. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl Tuguň astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär, abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şonuň üçin hem halkymyz Döwlet baýdagynyň gününi baýram hökmünde belläp geçýär.

Biz owadanlygy, ajaýyp manylara baýlygy bilen mukaddeslige öwrülen Baýdagymyza buýsanyp ýaşamaga haklydyrys. Çünki Baýdagyň al asmanda pasyrdap durmagy döwletimiziň abadanlygyndan, halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Paýtagtymyzdaky 133 metrlik sütündäki uzynlygy 52,5 metr, ini 35 metr baş Baýdagymyz bolsa tutuş milletimiziň buýsanjydyr. 2008-nji ýylyň 29-nji iýunynda dünýäde iň beýik sütünli Baýdak hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen bu ýaşyl Tugumyz göreniň nazaryny özüne çekýär.

Şu pursatdan peýdalanyp biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

  Hydyr AMANOW

  Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby