Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda asmanymyzda buýsanç bilen pasyrdaýan Watanymyzyň ýaşyl Tugy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlardan bäri edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna bhemişe ygrarlydygynyň alamatydyr.

Türkmenistanyň döwlet baýdagy türkmen milletiniň geçmişini şu gününi hem-de geljegi bilen baglanyşykly özara sazlaşyklary şöhlenendirýändigi bilen tapawutlanylýar. Döwlet Baýdagynyň esasynda milli däplerimiz goýlandyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň ýaşyl reňki biziň ýurdumyzyň tebigatyny, ýaşaýşyň reňkini aňladýar, bäş sany göl bolsa, bäş welaýatymyzy aňladýar. Bäş gölüň aşagyndaky zeýtun ýapragy bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk nyşanydyr. Aý bilen ýyldyzlar asmanymyzyň asudalygyny we bäş welaýaty şekillendirýär.

Goý başymyzyň täjine deňelýän Döwlet Baýdagymyz asuda asmanymyzda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde hemişe pasyrdap dursun. Asmanymyzyň ýaraşygy ýaşyl Baýdagymyz goý, mydama äleme nur paýlasyn!

Adam çaga gülküsinden, bilbiliň owazyndan, ene hüwdüsinden ýadamaýar. Baýdak babatda-da şeýle diýesimiz gelýär. Oňa seredeniňde, ýadawlyk seriňe gelmeýär, gaýta ondan güýç alýarsyň. Tug — galkynyşyň, Watana buýsanjyň nyşany! Baýdak — bakylykdan, barlykdan nyşan.

Ýaşyl Tug türkmeniň döwletli ýol-ýörelgesiniň, Watanymyzyň taryhy şan-şöhratynyň hem-de bagtyýar geljeginiň nyşanydyr. Dünýäde Döwlet baýdagymyzyň hormatyny we sarpasyny arşa götermegimiz – Berkarar Watanymyzyň mertebesiniň at abraýynyň artmagynyň nyşanydyr!

  Sylap MUHAMMEDOW

  Türkmenistanyň telekomunikasiýalar we informatikainstitutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Hasaplaýyş toparlaryň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby