Türkmenistan –demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir.Dolandyryş usuly Prezidentlik respublikasy.Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen.Türkmenistanyň Konstitutsiýasy döwletiň Esasy kanuny bolmak bilen,Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap,özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy,ýerine ýetiriji we kazyýet häkimýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar.Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe.Halk Türkmenistanyň döwlet häkimýetiniň öz ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar. Döwlet din we wyždan azatlygyny,olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär.Dini guramalar döwletden aýry bolup,olar döwlet işine goşulyp,döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler.Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir.
Ýaş nesillere konstitutsiýa düşünjesini bermek barada Türkmenistanyň döwlet we milli baýramçylyklary ähli kärhanalarda we guramalarda ýöredilýär. Syýasy partiýalar bilen birlikde wagz-nesihat işleri alnyp barylýar.
Şu pursatdan peýdalanyp biz ýaşlara okamaga öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat ORAZOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby