Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.
Kitapda bellenilişi ýaly, dünýä belli Wadim Masson, Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlar halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edipdirler. Gahryman Arkadagymyz olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmekde, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramakda, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmakda hem asylly işleri amal etdi.
Änew medeniýeti ekerançylygyň irki ojagy. Gadymy siwilizasiýanyň sallançagy. Ol ak bugdaýyň asyl mekany hökmünde belli.
“Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çekýär.
Allaberdiýwa Täçmahal,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.