Saglygy goraýyş ulgamynda giňelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasyndan gelen ýokary derejeli hünärmenleriň nobatdaky topary Aşgabatda iş saparynda boldy. Şonuň çäklerinde Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezinde germaniýaly professorlar — otorinolaringolog Ýohannes Senk hem-de anesteziolog Klaus Çaýkowskiý türkmen hünärmenleri bilen bilelikde ilkinji gezek ýurdumyzda häzirki zaman hirurgiki bejeriş usulyny — kohlear implantaty oturtmak operasiýany üstünlikli amala aşyrdylar. Bu operasiýa neýrosensor gulagagyrylylygy bejermegiň döwrebap
hirurgiýa usuly bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen lukmanlarynyň ýokary nazaryýet we amaly taýýarlygy, şeýle hem nemes hünärmenleriniň baý tejribesi hem-de biziň lukmançylyk merkezlerimiziň tehniki binýady, şol sanda nemes lukmançylyk tehnikalaryndan ybarat bolan binýady bu gün hassalar bejerilende iň gowy netijäni gazanmaga mümkinçilik berýär. Germaniýa Ýewropa lukmançylygynda ykrar edilen öňdebaryjy döwletdir. Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş ulgamynda bu ýurt bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlap, innowasiýalary, keselleri anyklamagyň täze usullaryny, kliniki we dessin goşulmalary, operasiýadan soňky dikeldiş işlerini milli tejribä ornaşdyrmaga tarap gönükdirýär.