Milliarderler geosyýasy näbellilikler we ykdysady üýtgemeler sebäpli baýlyklaryny gizlemek üçin howpsuz gaçybatalga gözläp başladylar.

Dünýä bazarlarynda ýüze çykýan näbellilik, aşa baýlara täze howpsuz gaçybatalga gözlemäge sebäp boldy. Bu döwürde altyna bolan isleg ep-esli ýokarlandy we şu nukdaýnazardan hem Singapur baýlaryň halaýan ýerine öwrüldi.

Singapuryň merkeziniň golaýynda ýerleşýän, “Goraghana” diýlip atlandyrylýan alty gatly desga berk howpsuzlyk çäreleri bilen ünsi özüne çekýär.

Polat gapylaryň aňyrsynda takmynan 1,5 milliard dollarlyk altyn we kümüş saklanýar. Bu emläkde üç gat belentlige çenli müňlerçe hususy seýf gutusy bar.

Desgany esaslandyryjy Gregor Gregersen gymmat bahaly metallary saklamak baradaky sargytlaryň 2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 88 göterim ýokarlandygyny aýtdy.

Şol döwürde altyn-kümüş satuwy 200 göterim ýokarlandy. Gregersen bu ýokarlanmanyň aňyrsynda “global tolgunyşyklaryň” bardygyny aýtdy.

Altyn maýadarlar üçin has özüne çekiji bolansoň, Gregersen täze sargytlaryň 90 göteriminiň Singapuryň daşyndan gelendigini belledi.

      Söhbet SETDAROW

  Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby

TKA-nyň talyp hakynyň eýesi