Dogry iýmitlenmek barada hünärmenler haýsy iýmitleriň gan damarlarynyň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga we olary arassalamaga kömek edýändigini düşündirdiler. Teklipler ispan neşirinde aýdyldy.

Lukman Klaudiýa Gerwasio çig we bişirilen sarymsagy her gün iýmegi maslahat berýär. Hünärmen, zerdejik, kokos ýagy we gara burç esasly içgini nahardan soň içmegi maslahat berýär.

Iýmitleniş hünärmeni Mia Rutenştein hem öz gezeginde fermentlenen soýa önümlerinden ýasalan adaty ýapon tagamy natto-ny iýmitiňize goşmagy maslahat berýär. Onda damaryň giňemegine kömek etýän ferment nattokinaza bar. Mundan başga-da, sagdyn iýmitleriň sanawyna limon, kelem, roma salaty, zeýtun ýagy we gök çaý girýär.

Terapewt Alena Troýanik çaýyň peýdalary barada aýratyn belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, çaý antioksidant häsiýetlere eýedir, metabolizmi çaltlaşdyrýar, aladany azaldýar, konsentrasiýany ýokarlandyrýar we ukynyň hilini ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, çaýy yzygiderli içmek erbet holesteriniň derejesini peseldip, gan damarlarynyň çeýeligini ýokarlandyryp biler diýip hünärmen aýdyp geçdi.

Söhbet SETDAROW

  Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby

TKA-nyň talyp hakynyň eýesi