Kitap ruhy hazynamyzyň açarydyr” diýen şygar müňýyllyklaryň sepgidinden gelen däp- dessur hökmünde häzirki wagtda biziň Gökdepe etrap merkezi kitaphanamyzyň Babarap oba kitaphanasynyň hem mysalynda Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän köpugurly syýasy hem – de beýleki ugurlar boýunça ösüşlere öz goşandyny goşmagy bu günki gün Parahatçylygyň belenet mazmunlaryny açyp görkezmekde biziň kitaphanaçylarymyz hem öz gujur – gaýratlaryny gaýgyrmaýandygyny subut edýär. Kitap dünýäsinde parahatçylygyň belent mazmunynyň şugla saçmagy bu günki gün parahatçylygyň adamzat üçin nä derejede wajyplygyny açyp görkezýän açardyr.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip, yglan edilen ýurdumyzda Türkmen halky üçin wajyp ähmiýete eýe bolan kitaplarda parahtçylygyň, Bitaraplygyň wajyplygyny açyp görkezmek bu günki gün biz kitaphanaçylarda hem buýsanç duýgusyny döredýär. Kitaphana işlerini ýola goýmakda, köpçülikleýin çäreleri geçirmek, şeýle- de ýurdumyzda hem- de dünýäde dowam etmegi üçin adamzat parahatçylygy hakdaky maglumatlary, ekologiýa arassalygy hakdaky ylmy hem-de jemgyýetçilik işlerinde üstünlyk gazanmagyň usullary hakyndaky maglumatlary hut kitaplaryň üsti bilen okyjylara ýetirmegiň düzgünlerini öňe sürmek bu biz kitaphanaçylaryň esasy işi diýip düşünýärin.
Ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyk çäresine işewir gatnaşmak üçin wajyplygyna doly düşünýän- biz kitaphana işgärleri bu günki gün sowatly nesliň kemala gelmeginde, ýaşlaryň kitapsöýüji ýaşlar bolup ýetişmeginde kitaphanamyza gelýän ýaşlaryň ruhybelent , parahatsöýüjilikli ýaşlar bolmagynda ýokary derejede hyzmat görkezmegiň nusgalaryny ele almak bilen öz işimizi döwrebap ýola goýmakda elimizde baryny edýäris.
Kitaphana işleriniň ýola goýulmagynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary bize ýolgörkeziji bolup durýär. Ylham çeşmämiz bolan Gahryman Arkadagymyzyň dürli ugurlardan bize peşgeş beren kitaplary biziň okyjylarymyz üçin – de bize gelýän myhmanlardyr, hut kitaphananyň öz işgärleri üçin – de belent bir ruhy çeşmedigini subut edýär.
Ýaňy – ýakynda maý aýynda paýtagtymyzyň güni mynasybetli geçirilen çärelerde ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň waspyny ýetirmekde birnäçe işler alyp bardyk Paýtagtyyz barada ýazylan kitaplar hakynda , şeýle – de gazet – jurnallarda Ak şähermiziň waspy kitaphanamyza gelen okyjylarda hem kitaphana işlerini döwrebap ýola goýýan kitaphanaçylaryň hem köňül guşuny telwaslandyrdy. Çünki her bir baýramçylyk çärelerinde özümiziň kitaphanamyzda ýerleşýän kitaplaryň sergisini gurnamak bilen birlikde kitaplarymyz bilen baýramçylyk çärelerine gelýän halkymyzy tanyşdyrmak , şeýle-de kitaplaryň üsti bilen dünýä syýahat etmek mümkinçiliklerini gazanmak biziň üçin aýratyn lezzete eýedir. Şeýle – de ak paýtagtymyzyň goýnunda, Arkadag şäherimizde, öz gülzara öwrülen obamyzyň baýramçylyk çärelerinde kitaphanaçylaryň goşandy uludyr. Çünki kitap dünýäniň, gözleriň nury. Onuň ynsana berýän güýjüni hiç bir bahasyna ýetip bolmajak zat bilen deňeşdirmek mümkin däl.
Her ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň toý – baýramlary mynasybetli hem kitaphanamyzda her ýyl baýramçylyk çäreleri geçirilýär we täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasynda bu ajaýyp kitaplara aýratyn ähmiýet berýän halkymyzyň buýsanjy artýar. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem – de Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz üçin edýän aladalary esasynda kitapsöýüjiligiň ýörelgä öwrülmegi diňe biziň halkymyz üçin däl- de eýsem parahatçylyk söýüji dünýä halklary üçin hem kitap bilen bir – biregi tanamaga mümkinçilik däöreýändigi, kitap bilen bütün adamzadyň dostlaşmaga mümkinçilik tapýandygyny subut edýär. Ýazyjylaryň, şahyrlaryň üsti bilen dünýäniň başga bir halkynyň döwletiniň däp – dessurlaryny,folklýoryny,taryhyny, ekologiýasyny, geografik giňişligini we ösüş aýratynlyklayrny görkezmäk bu gün has wajyp bir kitap diplomatiýasyny emele getirýär. Çünki kitap parahatçylyk köprüsidir. Kitabyň üsti bilen parahatçylyk köprüsini gurmagyň we ony baky abadan saklamagyň mazmunynyň nähili ýokarydygy bu gün öz subutnamasyny tapýar. Kitaplaryň dünýäsinde ýaşap, ýagşylygy öňe sürýän adamzat gatnaşyklaryna dolulygyna berilmek bu dünýäniň ýaraşygyr. Şol sebäpli – de kitaby ýaş nesliň terbiýesinde hem ulanmak, ýaşlara dogry ýol salgy bermekde kitaplaryň güýji ummasyzdyr.
Türkmen topragynyň taryhy ýerlerine syýahat etmek üçin kitaplarda ýazylan nijeme maglumatlary okap, tanşyp, soňra taryhy meýdançalara seýil etmek arzuwynyň döremesi adamzat üçin tebigy bir hadysadyr.
Biz hem kitaphana işgärleri bolup, kitapsöýüjilerimizi, okyjylarymyzy ýurdumyzyň taryhy giňişligi bilen tanyşdyrmakda syýahatçylyk işleriniň öňe gitmesinde , ýurudmyzda ösdürilip, ýetişdirilýän bagy- bossanlyklara ideg etmek bilen tanyş edýän kitaplary sergilemekde, dermanlyk otlaryň üsti bilen şypa tapmak üçin giň mümkinçilikleri beren Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk otlary” atly kitaplaryny wagyz etmekde kitaphanamyzda uly işler alyp barýarys.
Munuň özi bize ýurdumyzyň taryhyna, edebiýatyna , ýadygärliklerine , ýer asty baýlyklaryna guwanmaga mümkinçilik döredýär. Gadymy Ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän Türkmen topragynyň kitaplarda öz reňkini tapmagy, Ýüpek ýoluň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň wajyplygyny artdyrmakda kitap dünýäsiniň aýratyn bahasynyň bardygyny subut edýän işler bizi buýsandyrýar. Halkymyzyň abadan durmuşynda hem- de gelejegiň ösüşlerini öz eginlerinde daşamaly ýaş nesli terbiýelmekde kitabyň ähmiýeti ýokarydyr.
Türkmenistan diýarymyzyň goýnunda Halkara parahatçylyk ýylynda birnäçe çäreleriň hem – de konferensiýalaryň, ylmy maslahatlaryňdyr, medeniýet günleriniň geçiriljekdigi hem -de ykdysady ugur boýunça birnäçe diplomatik gatnaşyklaryň giň mmükinçilikler aljak ýyly bolmagyna taýýarlyklar görülmegi bizi hem öz ýerimizde borçly edýär. Biz kitaphanaçylary öz ugrumyz boýunça wajyp işleriň garaşýandygy buýsandyrýar. Geçiriljek baýramçylyk çärelerine , konferensiýalara gatnaşmak hem – de halkymyzyň kitapsöýüjilik ukyplaryny artdyrmakda edilýän işlerde öz ornumyzyň buýsandyryjydygyny ýen bir gezek subut edýär. Bize okamaga, işlemäge, ýurdumyzda kitapsöýijileri artdyrmaga giň mümkinçilikler berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Oguljennet Eşşäýewa
Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň Babarap oba kitaphanasynyň kitaphanaçysy