2025-nji ýylyň 30-njy maýynda “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisi çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda habar berildi.

Maslahata Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Şeýle hem Ýaponiýanyň “EKSPO-2025” sergisiniň guramaçylyk komitetiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem duşuşyga gatnaşdy.

Çykyş edenler parahatçylygyň, ynanyşmagyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada durup geçdiler hem-de bu ugurlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm orny barada bellediler.

Ýapon wekilleri bolsa, EXPO-2025 sergisi çäklerinde geçirilen çäreleriň Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmekde ähmiýetli mümkinçilik döredendigini bellediler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniñ kiberhowpsuzlyk fakultetiniñ kompýuter ulgamynyñ programma üpjünçiligi B toparynyñ 1nji ýyl talyby

Gylyjowa Meýrem 

Nurgeldiýewa Leýli 

Mugallymy: Hydyrow Arslan