Suw adamzadyň ýaşaýşynda ulu rol oýnaýar.Uly ýaşly adamyň bedeniniň agramynyň ýarysyndan gowragy suw.Çaga dünýä inensoň onyň organizmindäki suw 77 göterime çenli azalýar. Adam kämillik ýaşyna ýetensoň onyň organizmindäki suwuň azalmygy belli bir derejä baryp durýar. Suwuň mukdary 18 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda 61 göterim aýallarda 54 göterim bolýar. 50 ýaşdan soňra adam organizimi ‘guramak ’ bolýar. Onyň düzümindäki suw gitdigiçe azalýar.
Adamyň bir gije gündizde sarp edýän suwy 2.5 litre golaý ýöne bu san adamyň bir gije gündizde 10 stakan suw içmelidigini aňladanok çünki biziň sarp edýän suwumyzyň bir bölegi iýmitde bolýar. Başga bir bölegi bolsa organizmde beloklaryň ýaglaryň hem-de uglewodlaryň dargamak prosesinde emele gelýär. Mysal üçin 100 gram ýagyň okislenmegi netijesinde 107 ml suw , 100 gram uglewodyň okislenmegi netijesinde 55 ml suw emele gelýär.
Suwuň iň köp jemlenen ýeri Ýer gatlaklarydyr. Ýerasty suwlaryň mukdary dünýä ummanlaryndaky suwuň mukdaryna (1.3 milliard kubometre barabar) has uly çuňlyklarda bolsa 10 -12 esse köp (takmynan 13-15 milliard kubometr).
Biz her ýyl öz bednimiziň agramyndan 5 esse köp suwy öz üstümizden geçirýäris. Adam ýaşan döwrinde örtaça 25 tonna suw içýär.
Serdar AKMURADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniñ 4-nji ýyl talyby