Dünýä tebigy gözelliklerden we özüne çekiji landşaftlardan doly. Elbetde, bu ajaýyp ýerleriň arasyndan birini saýlamaly bolsak, her kimiň hökman başgaça pikiri bolar. Sebäbi käbirleri üçin iň owadan ýer çuň gök deňiziň kenary, beýlekiler üçin bolsa tokaýyň içi. Şeýlelik bilen, bu gözellikleri tertipleşdirmek mümkinmi?

Bu soragyň jogaby bilen gyzyklanýanlara dünýäniň iň owadan ýerlerini sanamak üçin gözleg geçirildi. Bu reýtingi döretmek üçin adamlara meşhur tebigy täsinlikler görkezildi we adamlaryň ünsüni özüne çeken peýzažlar göz yzarlamak tehnologiýasy arkaly sanawda görkezildi.

Dünýädäki iň owadan ýerleriň sanawy:

– Peýto köli, Kanada

– Meeru adasy, Maldiw adalary

– Coastura kenary, Angliýa

– Ososemit milli seýilgähi, ABŞ

– Tekapo köli, Täze Zelandiýa

– Borakaý, Filippinler

– Moher gaýalary, Irlandiýa

– Swalbard, Norwegiýa

– Ubud, Indoneziýa

 Ogulnabat ÝOLDAŞOWA

  Daşoguz şäheriniň 34- çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi