Köplenç adamlar iş, dynç alyş, bilim ýa-da şahsy sebäpler bilen syýahat edýärler. Syýahat dürli medeniýetleri bilen tanyş bolmak, täze ýerleri görmek we şahsy ösüşe goşant goşmak üçin möhüm tejribe bolup durýar.
Syýahat etmegiň peýdalary ýerleri şulary öz içine alýar:
Täze medeniýetleri öwrenmek:
Dürli ýurtlara we şäherlere baryp görmek bilen dürli durmuş ýörelgelerini we däp-dessurlaryny başdan geçirip bilersiňiz. Bu siziň dünýägaraýşyňyzy giňeldýär we medeni düşünjäňizi artdyrýar.
Şahsy ösüşiňi ösdürmek:
Syýahat size garşy çykyp, täze endikleri öwrenmäge kömek edip biler. Bu, özüňize bolan ynamyňyzy artdyrýar we şahsy ösüşiňize goşant goşýar.
Stresi azaltmak:
Dynç almak we dürli ýerleri görmek gündelik durmuşyň streslerinden gutulmaga kömek edip biler. Täze ýerleri öwrenmek we dynç almak akyl saglygyňyz üçin peýdalydyr.
Täze adamlar bilen duşuşmak:
Syýahat edeniňizde dürli adamlar bilen duşuşmak täze dostlar tapmaga we jemgyýetçilik gatnaşyklaryňyzy giňeltmäge kömek edip biler.
Şatlanmak we dynç almak:
Syýahat durmuşdan lezzet almagyň we täze tejribeleriň ajaýyp usulydyr. Täze ýerleri öwrenmek, ýerli tagamlary dadyp görmek we gyzykly çärelere gatnaşmak ýatdan çykmajak ýatlamalary döretmäge kömek edip biler.
Dünýä tebigy gözelliklerden we özüne çekiji landşaftlardan doly. Elbetde, bu ajaýyp ýerleriň arasyndan birini saýlamaly bolsak, her kimiň hökman başgaça pikiri bolar. Sebäbi käbirleri üçin iň owadan ýer çuň gök deňiziň kenary, beýlekiler üçin bolsa tokaýyň içi. Şeýlelik bilen, bu gözellikleri tertipleşdirmek mümkinmi?
Bu soragyň jogaby bilen gyzyklanýanlar üçin dünýäniň iň owadan ýerlerini sanamak üçin gözleg geçirildi. Bu reýtingi döretmek üçin adamlara meşhur tebigy täsinlikler görkezildi we adamlaryň ünsüni özüne çeken peýzažlar göz yzarlamak tehnologiýasy arkaly sanawda görkezildi.
Dünýädäki iň owadan ýerleriň sanawy
– Peýto köli, Kanada
– Meeru adasy, Maldiw adalary
– Coastura kenary, Angliýa
– Ososemit milli seýilgähi, ABŞ
– Tekapo köli, Täze Zelandiýa
– Borakaý, Filippinler
– Moher gaýalary, Irlandiýa
– Swalbard, Norwegiýa
– Ubud, Indoneziýa
Gyzykly faktlar:
Şweýsariýada beýikligi 3000 metrden gowrak 208 sany dag, 4000 metrden gowrak 24 sany dag duş gelýär. Şeýle hem Awstraliýa dünýäniň iň arassa howasyna eýedir we ilatyň 90% -i kenarda ýaşaýar. Dünýäde goýunlaryň iň köp duş gelýän ýeri hem Awstraliýadyr. Dünýä ýüzünde zäherli haýwanlaryň iň giň ýaýran ýeri hem ýene Awstraliýadyr.
Şweýsariýada jerimeler girdejiňize görä berilýär.
Watikan hakynda:
Rim papasy bu ýurduň döwlet baştutany, hem katolik mezhebiniň ruhy ýolbaşçysy bolup durýar. Bu ýurt umuman dünýäde aýratyn orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurtda 1000-e golaý adam ýaşaýar. Ilatyň aglaba bölegi ruhanylardan we administratiw işgärlerden ybaratdyr.
Dünýäň ýüzüni tutuş aýlanan ilkinji adam Fernando Mogellandyr (Portugaliýa: Fernão de Magalhães). Şeýle-de bolsa, syýahatyny tamamlamazdan ozal Filippinlerde öldürilýär. Onuň syýahatyny Huan Sebastian Elkano tamamlady.
Mogellan: 1519-njy ýylda Ispaniýa imperiýasynyň adyndan Gündogar Hindistana ugrady. Magellan bäş gämi floty bilen ýola çykyp, Günorta Amerika barýar.
Dünýä syýahaty:
Magellan we Elkano tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ekspedisiýa dünýäni aýlanan ilkinji ekspedisiýa boldy.
Dowamlylygy:
Syýahat 1519-njy ýylda başlandy we 1522-nji ýylda tamamlandy we 18 deňizçi Ispaniýa gaýdyp bildi.
Ogulnabat ÝOLDAŞOWA
Daşoguz şäheriniň 34- çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi