Öz-özüne tozanlandyrmagyň täsiri, öz-özünden tozanlanýan ýa-da atanaklaýyn tozanlanýan ekinleriň ösümlikleri üçin birmeňzeş däldir, ýagny öz-özünden tozanlanýan ösümliklerde saýlap-seçmek bilen sortuň birtipliligini üpjün edip bolýan bolsa, atanaklaýyn tozanlanýan ösümliklerde bu usul bilen birtipliligi bir durkunda saklamak mümkin däldir. Şeýle bolansoň, öz-özünden tozanlanýan ösümlikleriň sortlary önümçilikde uzak wagtlap saklanýarlar, atanaklaýyn tozanlanýan ösümlikleriň sortlary bolsa çalt zaýalanýarlar.
Tebigy (spontan) gibridleşmek bu ähli ösümlikleriň, şol sanda öz-özünden tozanlanýan ösümlikleriň ewolýusiýasynda we seleksiýasynda başlangyç materiallary döretmegiň we täze şekilleri emele getirmegiň esasy çeşmesidir. Tebigy gibridleşmek netijesinde gibrid şekiller emele gelýär. Öz-özünden tozanlanýan ösümliklerde gibrid şekiliň sorta öwrülmek prosesi gibridleri öz-özünden tozanlandyrmagyň esasynda getrozigotlykdan gomozigotlaşma netijesinde bolýar. Diýmek öz-özinden tozanlandan sonar seçgi netijesinde durnukly gomozigot ulgam döreýär we berkeýär. Şeýlelikde öz-özinden tozanlanmagyň esasynda we seçgi arkaly öz-özinden tozanlanýan ösümlikleriň hojalyk biologiki taýdan gymmatly sortlarynyň döreýänligi sebäpli öz-özinden tozanlanmak bu ekinler üçin zyýanly däldir.
Öz özinden tozanlandyrmak atanaklaýyn tozanlanýan ösümliklere zyýanly täsir edýär. Onuň zyýanly täsiri eýýäm I-nji inbret neslinde ýüze çykýar, ýagny olaryň tohum önümliligi, ösümlikleriň kuwwatlylylygy peselýär, şeýle hem birnäçe beýleki alamatlary we häsiýetleri bolsa ýaramazlaşýar. Öz-özinden tozanlanmagyň täsiri netijesinde hiç hili depresiýa ýa-da garramak bolup geçmeýär.
Garramak–ontogenetik üýtgeýjilik düşüňjedir, ol haýsyda bolsa bir ösümligiň belli bir arkasyna degişlidir we sort barada ulanylyp bolmaýar sebäbi sort her ýyl nesil üýtgände täzelenip duran biologiki ulgamdyr. Muňa mysal edip ylmy-barlag edaralarynda we WIR-iň kolleksialarynda ulanylan sortlary getirmek bolar. Bu sortlarda 50 ýyldanda gowrak tohumlaryny köpeltmek üçin birnäçe gaýtadan ekilende hem garramagyň we genetiki dargamagyň hiç hili göze görnüp duran alamatlary bolmandyr, olar özleriniň hojalyk biologiki hillerini saklapdyrlar. Şwed seleksionerleriniň maglumatlarna görä bugdaýyň birnäçe liniýa sortlary 75 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özleriniň başlangyç gomozigot meňzeşligini bir durkunda doly saklapdyrlar.
Ahmetjan AMANOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby