Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynda dünýä meşhur «Humaý» atly aýdymyň awtorlary, Ufanyň «AY YOLA» toparynyň artistleri sylaglandy. Ýagny Rinat Ramazanow Başgyrdystan Respublikasynyň halk artisti, Ruslan we Adel Şaýhitdinowlar Başgyrdystan Respublikasynyň at gazanan artistlerti diýen ada mynasyp boldular.
Mart aýynda çykan «Humaý» aýdymy ýüz millionlarça adam diňledi we oňa üns henizem egsilerli däl. Mysal üçin, «Shazam» saz serwisinde başgyrt sazandalary birinji orny eýelemegi başardylar.
«AY YOLA» topary golaýda peýda boldy. «Humaý» olaryň ikinji aýdymydyr. Toparyň «Batyr» diýen birinji aýdymy 21-nji fewralda çykdy, emma o diýen üstünlik gazanyp bilmedi. Aýdymlaryň ikisi hem başgyrtlaryň «Ural batyr» atly eposyna bagyşlanandyr.
Arzuw ORAZOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby