Ylmy-tehniki ilerleme önümçülik hadysalarynyň çylşyrymlaşmagyna getirýär we hojalyk meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Oba hojalygyny alyp barmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamy ylymda işlenip düzülen, öňde baryjy tejribe arkaly durmuşa ornaşdyrylan, serişdeleriň we zähmetiň az udel çykdajysy bilen köp önüm almaga mümkinçilik berýän guramaçylyk, ykdysady, durmuş, tehnologik çäreleriň toplumyny ulanmak esasynda oba hojalyk önümçiligini rejeli guramaklygy aňladýar.

Maldarçylykda hojalygy alyp barmagyň ulgamy pudagy ylmy taýdan esaslandyrylan çäreler arkaly ösdürmeklige, hususan-daf mallaryň intensiw iýmitlendirilişini, tohumçylyk we reproduksiýa işini, zooweterinariýa gulluklaryny dogry ýola goýmaklyga daýanýar hemde ahyrsoňunda mallaryň öniimliligini we önümçiligiň ykdysady netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Maldarçylyk ulgamlary, pudagyň ýörüteleşmegine we YTI-niň, gazananlarynyň ornaşdyrylyş derejesine görä, dürli hili ýola goýlup bilner.

Häsiýeti boýunça senagat önümçiligine ýakyn bolan ýörýteleşeni süýtçilik toplumlarynda, mallary baka goýup semretmekde we guşçulykda iri kuwwatlyklar esasynda intensiw tehnologiýalary ulanmak mümkinçiligi ýokarydyr. Şonda janly zähmeti we önümçilik serişdelerini hususy bähbitlere daýanýan usullar arkaly birikdirmekligi iri önümçiligiň artykmaçlyklary bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän kooperasiýany ösdürmeli bolýar.

 Sülgün AÝDOGDYÝEWA

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby