Şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiler. Foruma 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada, şu ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen guramaçylykly Döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky çykyşynda mälim edildi.

Maslahata halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Forumyň geçirilýän ýerinde dünýäniň dürli dillerinde degişli ýazgylaryň, şygarlaryň göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidigi, halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlarynyň içgin öwrenilmelidigi barada hem aýdyldy. Şeýle-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykdan habar berýän wideoýazgylaryň görkezilmelidigi bellenildi.

   Arzuw ORAZOWA

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby