Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Türkmenistanyň taryhy-da şol häsiýetlere eýe bolan umumy taryhyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň taryhy biziň Watanymyzyň çäklerinde adamzat jemgyýetiniň döreýşini we ösüşini çuňňur öwrenmekdir. Her bir halk formilirlenýänçä, ol halkyň diliniň dowamatdan geçip, täsirler esasynda assimilýasyýalaşdyrylmagyna wagt gerek. Eýsem näme üçin döwre laýyklykda biziň dilimize alynma sözler girip, olar häli- şindi gündelik durmuşda gabat gelip duran zatlaryň serhedini bize ýatladýar. Elbetde her bir halkyň öz medeniýeti, sungaty we dili, dini ynanjy bar. Bu tebygy zat. Emma dünýäniň bir diliň şahasy kimin ýaýrap gidýän, dil daragtyny ýada salýan käbir diller bolsa, göýäki adamzada onuň ganyndaky syzgylardan özüniň garry dildigini duýduryp durana çalym edýär. Çünki arheologiýa ylmynyň açyşlaryna daýanyp, ýazylan ýazgylaryň netijesinde ýüze çykan ýazgy senedimiz dil bilen gönüden göni baglanyşyklydyr. Hut şeýle nazarýetimiz hem biziň türki dilli halklaryň dil hazynasynasynyň arasydaky meňzeşligiň Dil degirmeniniň täsiri astynda üwelen sözleriň manysyndan gürrüň açar. Elbetde, bu ýazgylaryň hemmesi-de taryhçylaryň, edebiýatçylaryň we arheologlaryň tassyklanan ylmy çaklamalary esasynda ýüze çykan esasly pikirlerdigini aýtmaga okujylaryň öňünde borçlandyrýar. Dünýä halklarynyň ýer şaryna ýaýrap gidýän beýik medeniýeti bar. Adamzat ösüşde. Biz ol hakykaty özümiziň dilimize, medeniýetimize, nesillerimize, ynanjymyza siňdirmek üçin elimizde baryny edýäris. Hat- da dag- düzleri aşyp, zeminiň bir böleginden beýleki bölegine gidip, kitaphanalardan öz gelip çykyşymyz hakynda gymmatly çeşmeler taryhyny hem- de edebiýatyny, sungatyny, medeniýetini öwrenmäge ilgezik adamlar kän. Türkmen halky öz taryhy kökleri bilen dünýäniň bäşilenji siwilizasyýasynda ýer alan halk. Hormatly Arkadagymyzyň “ Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda türkmen häsiýetindäki ganybir zatlaryň dünýäniň haýsy nokadynda bolsa- da birleşdirýändigini belläp geçipdir. Her bir halkyň düýp köki kemala gelmezden öň ol halk edil daragtyň toprakdan nem alşy kibi “nemlenýär” we “iýmitlenýär”. Şol iýmitem ýere çuňňur kökleri uran daragty kemala getirýär. Men ol kökleri ýeriň çuňňur gatlaryna ýaýrap gidýän damarlara meňzedýän. Belki-de bu halklar babatynda-da şeýleräkdir. Elbetde her bir adamyň beýleki adamdan üýtgeşik bolmaga bolan islegi tebigy hadysadyr we bu halklaryň arasynda- da şeýle bolup biler. Her bir halk öz aýratynlygyny kemala getirmezden öňürti, ýagny ony daragta meňzedipdik. Ine, bu halklaryň kemala gelmeginde- de şeýle hadysalary emele getirýär. Aslynda ähli halklaryň kök birliginde tebigatyň öz hasaplary bardygy düşnüklidir. Dünýäniň ýüzünde öz halkynyň, gaýry halklaryň, dil toparlarynyň taryhyny öwrenýän beýik- beýik dilçileriň millionlarçasy bar. Eýsem adamzadyň bir kowumdan bolup, dil meňzeşlikleri bolanlary gan taýdan biri- birine dartylyp durşy diliň içki özenlerindäki hal syryny açyp görkezýär.Ynsanyň halynyň hemme dilde bir görnüşdeligi düşnükli ahyry. Mähriban Arkadagymyzyň “ Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndaky Abu seýit Mähneýi- Mäne babanyň mysalynda alynan tymsal “ Söz bermek, sözüňde durmak” medeniýetini özünde jemleýän beýik medeniýetiň- türkmen medeniýetidigini subut edişi juda täsirli. Söz diýen beýik gudratyň möhür güýjüniň bardygyny- da asyrlar boýy alymlar subut edip gelýärler. Häzirki döwre çenli adamzat söz möhrüni öz ynamyny gazanan adamlar bilen amala aşyryp gelýär. Adamzat döräli bäri özüniň ýazgylaryny, ýagny ýüregindäki duýgularyny nagyşlara geçiripdir-de ony belli bir wagt içinde ulanypdyr. Ol nagyşlaryň ilkinjileriniň döremegine diňe adamzadyň öz çeken jebri sebäp bolup biler we bu meseläniň soňy adamyň öz çeken jebrini adamlara ýaýyp, aýdyp gitmek arzuwy bilen amala aşyrylypdyr. Ol husus onuň durmuşyny nähilidir bir hili görnüşde kemala getirmegidir. Ýagny bu hususa soň- soňlar adamlar “sungat”diýip, at beripdirler. Elbetde adam öz ýüreginiň dili bilen ilki başda ýaşan gaýalaryna, soňra ýeriň aşagyndakyky ýerzeminleriň diwarlaryna, has soňraklar welin öz diliniň aňladyş şekilleri esasynda bolsa, ýazgylara sudur çekipdir. Tebigatdaky täsin görnüşlerden nagyş çyzyp, ilkinji sungat basgançaklaryna degişli pikirleriň ýüze çykmagy bilen täze eýýäm açylypdyr. Adamzat döräninden başlap, ýa şol ýakynlarda özüniň taryhy geçmişini, döreýşini hat üsti bilen geçiren bolsa, bize belki çaklamalara esaslanman, eýsem, gönüden – göni faktlara esaslanmak gerek bolardy. Emma gynansak- da bu ýazgylaryň saklanmany sebäpli, başda aýdyşymyz ýaly diňe dini kitaplarda, ol hem has soňralar ýüze çykan ylahy güýçler hakdaky salgylanmalara esaslanyp, ýagny dini düşünjeleriň esasynda dörän eserlere ýüzlenmäge mümkinçilik tapýarys. Hat- da kä halatlarda güneş şekili şekillendirilen haýrana goýýär. Marguş oazisinde, ýagny köne Merwden tapylan öý binýatlarynyň tegelek şekili bolmagy şekile bolan aýratyn hormatdan nyşandyr. Meşhur arhiolog Nikolskiý şeýle ýazýar:“Şumerleriň Ata watany Aşgabat şäheriniň ýakynlarynda hasaplanýar. Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýinde eksponat hökmünde görkezilýän ajaýyp ýadygärlikler tapyndylary hem bu çaklamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Çünki ol ýerlerden tapylan daş, kümüş we palçykdan ýasalan heýkeljikler Mesopotamiýanyň günortasyndan tapylan tapyndylara gaty meňzeşdir. Bu meňzeşlik bolsa, olaryň arasyndaky baglanşygyň gaty ýakyn bolandygyndan habar berýär. Her bir halk öz aň-düşünjesinde taryhyny goramak we geçmişiniň daşyna gyzylly jähek çekmek arzuwy bilen nesillerini ýetişdirýär. Elbetde her bir halkyň öz medeniýeti, sungaty we dili, dini bar. Bu tebygy zat, emma dünýäniň bir diliň şahasy kimin ýaýrap gidýän, dil daragtyny ýada salýan käbir diller bolsa, göýäki adamzada onuň ganyndaky syzgylardan özüniň garry dildigini duýduryp durana çalym edýär.Dünýäniň ýer şaryna ýaýrap gidýän beýik medeniýeti bar. Ol nireden ýüze çykdyka we ol medeniýetiň aňyrsynda esas bolup durýan zatlar nämekä? Her bir siwilizasiýanyň esas bolmagy üçin halk, dil, medeniýet we din hökmanlygy bardyr. Türkmen şäkillendiriş sungatynda öz taryhymyzyň baglaryny emele getirýän maglumatlar bolsa, häzirki döwürde muzeýimizde ylmy nukdaýnazardan öwrenilýär. Eýsem adamzadyň bir kowumdan bolup, dil meňzeşlikleri bolanlary gan taýdan biri- birine dartylyp durşy diliň içki özenlerindäki hal syryny açyp görkezýär. Ynsanyň halynyň hemme dilde bir görnüşdeligi düşnükli ahyry. Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň gaznalaryny doldurmaklyk muzeý işiniň esasy wezipeleriniň biridir. Şonuň üçin bu sany boýunça iň köp we mazmun taýdan iň doly we dürlidir. Mundan başga-da muzeýi9mizde birnäçe döredijilik işleriniň bolmagy dünýä medeniýetlerine galtaşýan taryhymyzyň bolandygyny subut edýän hadysadyr. Türkmen şekillendiriş sungatynyň, hususan-da nakgaşçylyk sungatynyň ýokara galmagy suratkeş B.Nuralynyň (1900-1965) döredijiligi bilen baglydyr. 1920- nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan Gündogar sungatynyň Zarpçy mekdebiniň zehinli okuwçysy bolmak bilen, ol halk sungatynyň ilkinji suratkeşidir. Eserleriň häzirki zaman täsirli plastikasyny agtarmak bilen, Y.Gylyjow halk döredijiliginiň gözbaşlaryna ýüzlenýär, çeperçilik umumylaşdyrmanyň täze usullaryny agtarýar. Onuň döreden eserleri Türkmenistanyň pajarlap ösýän şekillendiriş sungatynyň hakykatyny açyp görkezmegidir. Suratkeşler häzirki zamanda bolup geçýän wakalara has çuňdan seretmäge, halkyň gündelik durmuşynyň şekillerini täzeçe açmaga çalyşýarlar. Muzeý toplumlarynda şol döwürlerde ussatlyk bilen işlän suratkeşleriň eserleri hem ýerleşýär. Häzirki zaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär. Her bir adam bir adama beýleki halkyň dilini öwredip bilse,onuň sogaby juda ýokarydyr. Muzeýde birnäçe sungat işleriniň sergilenmegi bilen bagly ylmyt çaklamalara ýol açylmagy muzeýimizde günbe- günden has çugdamly işleriň ýerine ýetirilýändiginiň lamatlarny subut edýär. Adamlar wagtyň geçmegi bilen dürli çig mallary özleşdirip relýef şekilleri hem ýerine ýetirýärler. Bu hem Margiananyň sungatynyň uly derejä ýetendigine şaýatlyk edýär.
Geçirilen gazuw agtaryş işlerininiň netijesinde üsti açylan b.e.öň III-b.e. III asyrlaryna degişli bolan Aşgabatdan 18 km günortada ýerleşýän Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Köne we Täze Nusaý galalaryndan tapylan gymmatlyklar toplumy muzeý ekspozisiýasynda görkezilýär. Nusaýdan tapylan söweş pursatlary şekillendirilen suratlaryň bölekleri Türkmenistanyň gadymy monumental binagärliginiň möhüm alamaty sungatlaryň arabaglanyşygynda ýüze çykypdyr. Şekillendiriş sungatynyň şeýle ajaýyp eseri kesilip nagyşlanan bezegleriň ýerli usullarynyň gadymylyga şaýatlyk edýär, XI-XII arhitekturasynda olar gülläp ösüpdir. Has soňrak, Seljuklar eýýamynda ýerli binagärlik mekdebiniň gülläp ösen ýeri bolan hut Sarahs sebitinde kesilip nagyşlanan bezegleriň tapylmagy, şol mekdepleriň ussatlarynyň diňe bir öz dogduk diýarynyň çäklerinde däl-de, eýsem onuň çäginden has alyslarda- da ajaýyp ýadygärlikleriň ençemesini döredipdirler. Ýurdumyzy, watanymyzy, halkymyzy, hormatly arkadagymyzy söýmek, ula- kiçä hormat goýmak, dostlukly gatnaşyklaryň iň wajybydyr. Döwrüň sesi bieln aýakdaş bolup, hormata mynasyp bolmagy gazanmak bu günki gün iň zerur zatlaryň biridir. Elbetde Gahryman Arkadgymyz. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz Türkmenistan diýarymyzyň goýnunda Bitaraplyk derejesi bilen dünýä halkarlaryna parahatçylyk söýüji ýol- ýörelgäni baýdak edinmegini ýaýamagy bu günki gün halkara diplomatiýanyň uly goşandynyň bardygyny subut edýär. Parahatsöýüjilik bolsa, Gahryman Arkadagymyz bilen , Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen öňe äkitjek baýdagynyň, ýolunyň, ýörelgesiniň kökleridir. Ol kökler türkmeniň sarsmaz ruhunyň köküdir. Goý şeýle kökler müňýyllyklara barýan ak ýola uzasyn! Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezen ak ýoly bilen diňe parahatçylygy dünýä ýaýmak,öz taryhymyzy çuňňur öwrenmekde muzeýlerimiziň ähmiýetini artdyrmak miýesser etsin!
Ogulmerjen Annaýewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni