Ýene-de sanlyja günlerden gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty biziň Bitarap Diýarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä derejesinde äden iň uly ädimleriniň birine öwrüler. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu iri forumyň guramaçylyk döwlet toparynyň maslahaty onuň halkara giňişligindäki ähmiýetine ýene bir ýola göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Soňky ýyllarda Awazada geçirilýän iri forumlaryň merkezine öwrüldi. Olarda kabul edilen çözgütler bolsa BMG derejesinde ykrarnamasyny tapyp, adamzadyň şu günki bagtyýarlygyna hem-de ertirki rahatlygyna hyzmat edýär. Şu gezek hem şeýle bolar. Awaza forumy diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-si üçin däl, eýsem, bütin Ýer ýüzi üçin ykdysady, söwda maksatly hyzmatdaşlyklaryň täze ugurlaryna ýol açar. Şeýle bolansoň, bu foruma tutuş Ýer ýüzi gün sanap garaşýar diýip ynam bilen aýdyp bileris. 4 ― 8-nji awgust günlerinde 7 ugry öz içine aljak çäreleriň toplumy umumy netijede ― ösüp barýan döwletleriň galkynyşa, ösüşlere dolan ýagty geljeginde birleşer.
Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha beýgelýändigini ýurdumyzyň dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde kabul edilen «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama hem tassyklaýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda kabul edilen bu Kararnama 57 döwlet awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
Awaza forumynyň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alýar. Şolaryň hatarynda halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralary hem-de plenar mejlisleri; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar» (5 sany) bar. Ýokary derejedäki 7 sany forum bolsa Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy, parlament, hususy pudak, raýat jemgyýeti, ýaşlar, zenanlar, arabaglanyşyk ýaly ugurlarda pikir hem tejribe alyşmalar üçin netijeli meýdançany emele getirer. Maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreler, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çäreleri; tematik sergiler, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergileri forumyň ähmiýetini has-da artdyrar.
Deňiz kenarynyň ajaýyplyklarynyň ýurdumyza geljek myhmanlarda hem ýakymly täsirleri döretjekdigine, bu künjekde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynanýarys.
Hazaryň türkmen kenaryny dost-doganlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Azat Muhiýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.