OGULJENNET BÄŞIMOWA
Güyz
Bu nenen sarylyk, nähili matal,
Ýaprak nirden tapdy, gopup gaçmany.
Bulutlaň astynda çaýkanyp ýatan
Baglar edil çirkizilen hat yaly.
Söydüm seni sary deňzin damjasy,
Sende däli yazyň porhanlygy ýok,
Saňa içim dökjek diýen gursagym,
İndi seret, pyşyrdap hem bilenok.
Sust ümsümlik paýlap ýaganda ýagyş,
Çyg çekipdir güýzün altyn ýallary.
Ah, kükregi ýanyp duran nätanyş,
Gujaklap çykypdyr, ýaşyl baglary.
GÜÝZ GOŞGUSY
Men giçki güýz hakda köp oýlanýaryn,
Şonda duýgularym bolýar elýetmez,
Şeýdip derrew gyş temasy başlanyp,
Goşgularym çykman galýar,gazetde.
Asman saraýyna barýan bulutlar,
Azaşýar ýer-gögüň merdiwanynda,
Gussa çümüp sary ýaprak aglaýar,
Güýzüň hasrat bürän ýel-dumanynda.
Şeýdip,kalba salýar sadaja gussa,
Hemem süýji,bir düşnüksiz ykbaly.
Güýz güni şeýlebir kalba ýakymly,
Meniň çap bolmadyk goşgulam ýaly.
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Gün gyçagyn gyran ýaly,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Deňiz suwun süren ýaly,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Bahar gerilipdir bug deý,
Maýsalapdyr ýaşyl bugdaý,
Aýyň seçekleri tug deý,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Gunçalar tara düzülen,
Şunça ýyl ýara üzülen,
Owaz bar, saly üzülen,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Ýagmyra ezilen ýaly,
Ýürege gezelen ýaly,
Bar, kalba ýazylan biri:
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Biz sataşdyk
Biz sataşdyk,
Ýagyş ýagyp başlady,
Gaýalar ýuwuldy, güller görklendi.
Biz sataşdyk, leýlisaçlaň telleri,
Akyp ýatan dag suwuna örklendi.
Biz sataşdyk,
Derelerde käkilik
Has dury saýrady, has köp saýrady.
Biz sataşdyk, bu owadan pursata,
Günem biraz doňup galdy gaýrada.
Biz söygiň gujagyna gaýyp düşäýen,
Ýakyp barýan bir alawdyk, ataşdyk.
Bahar ýeli gülälegi guçanda,
Biz olary gaýtaladyk, sataşdyk.
Biz sataşdyk,
Dünýäň sallançagynda,
O sallançak öran batly üwreldi.
Bir mahalky öykelän päk duýgymyz,
Täzeden dem alyp,
Ýene direldi.
Kuýaş bilen dag gerşiniň ýylmanak,
Yüzündäki surat ýaly gatyşdyk.
Biz gijeler bir-bireksiz ah çekip,
Şonuň üçin bu säherde sataşdyk.
Biz sataşdyk,
Ýodalaram birleşdi,
Baýyrlaram goşalandy monjuk deý.
Dünýa, näme üçin aşyk sataşsa,
Önküdenem kejeňek sen, dänjik sen?!
Biz sataşdyk,
Çünki, biz bir ataşdyk,
Çabrap, çawlap, ýer yüzünde tutaşdyk,
Hernä duýgularymyz ýalan däl eken,
Şon üçinem sataşdyk biz,sataşdyk!
Güýz görnüşi biziň ilde…
Aý depderin köl üstüne
Taşlap goşgy ýazyp ýatyr.
Tylla ýally bedew ýaly,
Gamyşlaram“gazykda“dur.
Ýaplaň sary “ gaýmagyna”,
Tylla aýdan “tor” düşüpdir.
Kiçijik kümüş balyklar,
Sowuk suwa öwrenşipdir.
Mermerdenmi ýyldyzlaryň,
Sowuk teni,nurly teni.
Ümür çöken çola kenar,
Yşga itekleýär meni.
Kamys güller gadym kölüň,
Hol çetinde, “dulunda” dur.
Yaşyl kereplikler içre,
Dökülip dur aýdan ak nur.
Durnalaryň “dyrnagyndan”
Hat gaçyp,gagşaýar agşam.
Güýzüň solgun merdiwany
Gögüň reňkinden dyrmyşar.
Aý solar,durna daglanar,
Ýar gitse,sessiz aglanar,
Biziň illeriň güýzünde
Gyzlar dümede “baglanar”.
Dabarasy dagdan aşar,
Wepasy yşga garyşar,
Güýzüň merdiwanyn silkip,
Durnalar gökde ýaryşar.
Tikinçi gelne
(Gelnimiň arzuwy)
Içki gatlarynda düwmesi bolsun,
Daş gatyna dakgyn ýaz deý güljäjek,
Hem kebelek gonan egmesi bolsun,
Hem egniniň üsti bolsun, ýyljajyk…
Hem görende gözlerinde ot ýansyn,
Elliklermiň barmakdaky ýüzügne…
Tiken wagtyň,
Uzyn elleň bat alsyn!
Wagtyny ýitirsin, işeňňir iňňe….
Bagly goýgun , ikimiziň derdimiz,
Bu halkada dursun köňül bir bolup,
Ýeňlerinden güller dökülip dursun,
Hem gülälek, dak bagjygna teňňelik.
Men gollarmy açsam, uçjak dek bolsun,
Ganaty deý, gögerçiniň ýaýlada,
Sallançaga münsek, süýrelsin gökde,
Eteklerne çopantelpek aýla-da…
Sähralara gül paýlasyn her gün ol,
Hem sähra güllerin dak sen gysganman,
Men dünýäniň iň owadan perisi
Bolaýyn,
Köýnegme gaty gyssanýan…
Men ol köýnek bilen baglaýyn golun,
Hem gözleri kimselere bakmasyn…
Ony ýelden- günden goraryn mydam,
Ýaman gözlerden hem Alla saklasyn!
Uzakdan gelen hat
Salam Oguljennet!
Hallaryň niçik,
Bu gije açdyňmy şygryň gutusyn?
Nijeme pikirleň donlaryn biçip,
Sen asyrlaň okalmajak hatysyň…
Salam Oguljennet!
Barmydyr bir tap?
Hem deňi- duşlarňy görýäňmi käte?
Kä mahal açylan bägüli ysgap,
Gül bardygyn unutmagyn dünýäde!
Salam Oguljennet,
Iller amanmy?
Sen deýin gözele bärde duşmak hal!
Meniň şo pikirim:
Çyzyp galammy,
“Seň keşbiň üýtgäpdir” diýip biljek däl!
Salam Oguljennet!
Gaşlaň çytykdy,
Ýalňyzlyk derdinde halyň bardy seň…
Entek- entek ýazjak zatlaň ýetikdir,
Şygryýet howaly bagyň bardyr, seň!
Salam Oguljennet!
Zehinli uýam!
Hem syrdaşym- müň ýyldan soň üýtgemez…
Salam Oguljennet,
Kepil men uýam!
“Garraýan” diýipsiň,
Uýam, beýtme sen!
Ajy guýy
Guýylaň içine siňipdi ruhum,
Geljege taryhyň kölgesi bolup.
Hol gün gördüm seni guýyň başynda,
Baldyzlaryň bilen, gelneje bolup…
Suw çekmäge durduň, gyzlar kiçidi,
Guýa bakdyň, meni gördüň belki- de…
Sen ýylgyrjak bolduň, gözleň garagnyň
Içindäki dertler welin öňküdi.
… Sen durmuşa çykdyň,
Men bolsa sygman,
Guýa girdim, gury eken çukury.
Gözýaşlarym bilen doldurdym şol gün,
Hem içinde galdym,
Galdy sudurym…
“Hihhh”- edip içiňi çekdiň, tisgindiň,
Tutduň gorky bilen gyzan ýaňagňy.
Guýy doly gözýaş, içinden bakyp,
Tanadyň sen aglap duran garagmy.
Sen durmuşa çykdyň, doldy guýylar,
Içer ýaly däl suwlary, şor bary.
Baldyzlarňy tirkäp, gaýtdyň yzyňa,
Küýsediň sen süýji suwly obaňy.
…Ondan bäri ýyllar geçdi, galňady,
Hanalary doldy ajy guýulaň.
Sen durmuşa çykdyň, a men öýlendim,
Özgerişip gitdi, ady guýulaň!
“Sen öýlendiň, şonda…?”
Bahar jümjümesin dok:ap ýördi hut,
Guşlar saýramaga küýlendi şonda…
Pyntyk açan duýgylarmyz,
A sen… aýtman- diýmän öýlendiň şonda…
180 dereje birden nurly gün,
Güneýden küzeýe aýlandy şonda,
“Men dünýäniň niresinde galdymkam?”
Sen öýlendiň şonda,
Öýlendiň şonda…
Burç ýasady asman,
Bulut çakyşyp,
“Güýjüm bolsa, uçjak”,
Şaýlandym şonda.
… Ýö:rdük biz kä wagt ogryn bakyşyp,
Ýöne sen näme üçin öýlendiň, şonda…
Toý…
Gelnalyjy…
Küşdepmäge ýeňňeler,
Hem-de ýigit, gyzlar aýlandy şonda…
Sum:at bolduň,
Tapylmadyň iki gün,
Ýöne başga gyza öýlendiň, şonda…
Ýyl geçdi,
Geçdi aý…
Ýyldyzlar öçdi…
Seçdi durmuş seçjegini biz üçin…
Maňa ençe gezek näme üçindigin,
Düşündirjek bolup, şaýlandyň şonda…
“Näme üçin duýdansyz öýlendiň, şonda?…”
S:o:oň: “Bagyşla!” diýdiň,
“Bardy sebäbi…”
Ýuwdunyp, daşymdan aýlandyň şonda…
Meniň gözlerimde sorag belgisi
Aglap duran borly:
“Näme sebäpli, meni ýalňyz goýup,
Öýlendiň, şonda..?”
Başyň goýup, egnimdäki gyňaja,
Meni söýen gözleň çyglandy şonda…
Düzedip bolmajak ýalňyş edipdiň:
“Ýaryň taşlap,
Nädip öýlendiň, şonda?”
Diňlemedim belki,
Aýtjak bolupdyň:
“Söýmenmi seni?”
Şu sözi diýmäge peýlendiň şonda…
Emma meň kamatym ýeke soraga
Öwrülip gidipdi: – “Öýlendiň şonda?”