Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň parahatsöýüjilikli syýasatyny wasp edýän sungat eserlerini dünýä ýaýmakda giň şertler döredilýär. 10-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýokary okuw mekdebimiziň Altyn fondunyň ýygyndysyna giren işlerden düzülen “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi açyldy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn fondy 2009-njy ýylda döredilip, oňa okuw we tejribelik döwründe ýerine ýetirilen we çeper taýdan aýratyn tapawutlanýan nakgaş, grafika, heýkel, dizaýn, haly we sungatyň beýleki görnüşlerine degişli eserleri girýär. Elbetde, bu işleriň ählisinde ussat halypalardan bilim alan ýaş suratkeşleriň portret, taryhy, durmuşy, peýzaž, natýurmort žanrlarda türkmen halkynyň geçmişini we şu gününi, milli aýratynlyklaryny, taryhy ýadygärliklerimizi, tebigatymyzyň özboluşlylygyny suratlandyrmakda üstünlik gazanandygymyzy görmek bolýar. Olaryň içinde eziz Watanymyzyň parahat keşbini, ýagny daglardyr-düzlükleri, giň sähralyklary, deňizdir-derýalary, ülkämiziň gözel ýerlerini ussatlyk bilen çekilen peýzaž işlerini görmek bolýar. Sergide ýaş suratkeşler Serdar Rahmanowyň “Gülälekler”, Derýa Mämmetgulyýewiň “Ýanbaş”, Şeker Nökergeldiýewa “Köýten obasy”, Näzik Polatowanyň “Gijeki ýagyşly gün”, Ýakup Nurmyradowyň “Çüwdürim”, Zakirjan Babaýewiň “Deňiz porty”, Leýli Çaryýewanyň “Garrygaladaky şarlawuk”, “Köýtendag”, Myratmergen Kulyýewiň “Gerkez obasy”, “Türkmen tebigaty”, Ybraýym Ýaýlymow “Gözel ili türkmenim” ýaly ajaýyp peýzažlary sergilendi.

Ýaş suratkeşleriň döreden eserlerini synlanyňda Turkmenistanyñ dürli künjeklerinde ýerleşýän we täsin duýgulary döredýän Diýarymyzyň parahat keşbi göz öňüne gelýär. Sähralyklaryň, daglardyr-düzlükleriň, deňziň, derýalaryň, şäherlerdir-obalaryň gözelligini dürli çeperçilik stillerinde we tehnikasynda döredilen suratlar mekanymyzyň tebigatyny görkezýän ýaşlar asuda ýurdumyzyň özboluşlylygyny wasp edýär. Suratkeşler bu tebigy aýratynlyklary we ýokary duýgy häsiýetlerini ýokary reňk palitralary bilen açyp görkezýärler. Sergilenýän peýzaž suratlaryda nakgaşlar güneşli Turkmenistanyň tebigatynyň gözelligini, özboluşlylygyny, Watana bolan sögüsini beýan etdiler.

Watanymyzyň giň çäklerinde bolan suratkeşler ýyly reňkler bilen howa perspektiwasyny, ýagty-kölegäniň oýunlaryny görkezýärler, ýaşyl we mawy reňkleriň üsti bilen daglaryň, ösümlikleriň, ýaşyl meýdanlaryň suwuň ýüzünde şöhlelendirilişini suratlandyrýarlar. Bu taslamalar şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň taryhyny, gülläp ösýän medeni gatnaşyklaryny beýan edýär.

Sergilenýän peýzaž eserleri sähralygyň giň giňişligi, parahatçylygyň, erkinligiň we ösüşiň duýgusy döredýär. Tebigatyň bu häsiýetleri halkyň ruhy ýagdaýyna uly täsir edýär. Ýaş suratkeşler türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.

Çemen Annamuradowa,

        Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy