Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda girişildi. Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň desgalarynyň gurluşygy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär.
Bu ýerde talyplaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder. Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.
Uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.
Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar.
Açylyş dabarasynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw mekdebiniň barlag-tejribehana otaglaryna baryp, olarda döredilen şertler we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Uniwersitetiň ilkinji talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlary bilen gyzyklandy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy barlag-tejribehana otagyna, gurluşyk materiallary we konstruksiýalary barlag-tejribehana otagyna baryp gördi.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektoryna şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy
1-nji sentýabrda Aşgabatda bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy üçin niýetlenen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy.
Täze ýokary okuw mekdebinde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Okuwlar, hususan-da, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet çekýän ussat işewürleriň talyplara bilim bermekleri, sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri göz öňünde tutular. Munuň özi ýokary telekeçilik mekdebinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem ýardam eder.
Täze bilim ojagynda okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, talyplar okuwa kabul edilende belli bir taýýarlyk ugruna, ýagny hünäre kabul edilmän, eýsem, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna kabul edilýär. Bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlary bir wagtda taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň üçin talyplar, ilki bilen, bir ýyllap türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygyny geçerler. Soňra birinji okuw ýylynyň dowamynda bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýan bilim ulgamynyň ulaldylan toparlaryna degişli hökmany we umumy dersler boýunça bilim alarlar. Şeýlelikde, talyplar birinji okuw ýylynyň ahyrynda öz isleglerine görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli ugruny saýlap bilerler. Ikinji okuw ýylyndan olar saýlan taýýarlyk ugruna degişli ýörite we saýlama dersler boýunça bilim alarlar. Şunlukda, talyplar ikinji, üçünji, dördünji okuw ýyllarynda taýýarlygyň belli bir ugruna ýöriteleşip, üçünji okuw ýylynyň ahyrynda ýyllyk ylmy işini, dördünji okuw ýylynyň ahyrynda önümçilige gönükdirilen diplom işini ýazyp, ony döwlet synag toparynyň öňünde goramak bilen, öz saýlan hünär ugry boýunça bakalawr bilim derejesini alarlar. Uniwersitetde okuwlaryň, esasan, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barylmagy ýurdumyzyň senagat önümçiligi pudagyndaky meseleleriň öwrenilmegine hem-de oňyn çözülmegine, akademiki bilimiň, tejribäniň utgaşdyrylmagyna, ylym-bilimiň senagat hem-de zähmet bazary bilen arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Açylyş dabarasynyň barşynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy.
Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy;
sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň direktory Riad Ibragimow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy;
“Saybolt” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow uniwersitetiň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy;
“Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman uniwersitetde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniñ
Mugallymy: Şirin Meredowa
Talyby: Aýjan Pulatow.