Alymlar arktiki buzluklaryň ereme tizligini hasapladylar. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geografiýa institutynyň direktory Olga Solominanyň sözlerine görä, 2014 – 2023-nji ýyllarda rus arktiki adalary ýylda 25 gigatonna golaý buz ýitirdi. Bu öňki ýyllardakydan hem uly görkezijä eýedir.

Buzluklaryň has-da 2014-nji ýyldan tiz eräp başlandygy habarda bellenýär. Ondan öň her ýyl erän buzluklaryň möçberi ýylda 8 gigatonna deň bolupdyr.

Arktiki suwlarda buzdaglary aýratyn howp döredýär. Olar buzluklardan bölünip, senagat binalary we gämiler üçin howp salýarlar.

Elbrusyň buzluklary hem 1997 we 2017-nji ýyllar aralygynda 23 göterim azalypdyr. Olga Solomina muny «heläkçilikli waka» hökmünde häsiýetlendirse boljakdygyny nygtady.

Öň alymlar dünýädäki iň durnukly buzluklaryň biri bolan Argentinadaky Perito-Moreno buzlugynyň çalt eräp başlandygyny habar beripdiler. Onuň uzynlygy 18 kilometr. Synlamalar 2019 – 2024-nji ýyllaryň dowamynda onuň her ýylda 5,5 – 6,5 metr kiçelendigini görkezdi.

  Erkin Annageldiýew

  Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň

    5-nji ýyl talyby