«Euronews» habarlar telewideniýesiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou Türkmenistanda iş saparynyň çäginde DIM-de, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde duşuşyklar geçirdi. Onuň dowamynda teleradioýaýlymlar ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, habarlar gepleşiklerini taýýarlamak, tejribe alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli giň gerimli meselelere garaldy.
Myhman ýurdumyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegini beýan etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere uly gyzyklanma bildirdi.
Ýurdumyzda geçiriljek iri sport çärelerini beýan etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem taryh we medeniýet bilen baglanyşykly makalalardyr gepleşikleri taýýarlamak babatda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
«Euronewsiň» wekili ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary, ak mermerli Aşgabadyň gözellikleri, şol sanda gurluşy hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça özboluşly, şäheriň ýatda galyjy nyşanlarynyň biri bolan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi bilen tanyşdy.
Belläp geçsek, «Euronews» 160 ýurtda dilleriň 13-sinde gepleşikleriň berilmegini amala aşyrýar.