Hytaýda koronawirusyň täze görnüşi bilen ýüze çykarylan pnewmaniýadan aradan çykanlaryň sany 17 adama ýetdi. Bu barada çarşenbe güni ýerli häkimiýet wekili aýtdy. Şeýle hem ol koronawirusyň ilki ýüze çykarylan ýeri bolan Hubeý welaýatynda 444 adamyň keselländigini aýtdy. Mundan öň, 9 adamyň aradan çykanlygy barada habar berilýärdi. Näsaglar bilen aragatnaşyk edip biljek 2 müňden gowrak adam karantinde saklanýar.
Hytaý koronawirusy: pidalaryň sany artýar
