22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine seredildi. Şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdiler. Olar geçen ýyl amala aşyrylan işler, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Ç.Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.