Koronawirus ýokanjynyň ýüze çykan ojagy hökmünde çaklanylýan Hytaýyň Uhan şäheri berk karantin astyna alyndy. Giriş-çykyşlar polisiýa tarapyndan beklenilýär. Maşynlaryň hereketi gadagan edildi. Bu barada Euronews habar berýär. 11 million ilatly megapolisiň ýaşaýjylarynyň habar bermegine görä, bu ýerde ýagdaýlar gözgyny. Adamlar o diýen köp däl: kimdir birleri heniz karantinden öň Hytaý täze ýylyny bellemek üçin garyndaşlaryna gitdi, kimler bolsa, daşary çykmakdan heder edýär. Ýollarda himiýa gorag goşunlarynyň otrýadlary bar. Şäher häkimiýeti 1300 näsaga niýetlenilen täze ýokanç kesel hassahanasynyň tizleşdirilen gurluşygyna başladylar. Bu ugurda hytaýlylaryň tejribesi bar: baryp, 2003-nji ýylda «atipiki pnewmoniýa» ýaýramagy netijesinde edil şular ýaly hassahana Pekiniň golaýynda bary-ýogy 8 günde guruldy.Dermanhanalarda maskalara we ýokanja garşy serişdelere uzyn-uzyn nobatlar peýda boldy. Epidemiýanyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça çäreleri HHR-iň baştutany Si Szinpin öz şahsy gözegçiligine aldy. Ýurduň sebitleri öz gorag çärelerini girizýärler. Netijede, Gonkongda mekdepleri ýapmaga taýýarlyk görülýär. Şol bir wagtda, bu ýokanç Hytaýyň ähli ýerine ýaýrady diýen ýaly. Soňky maglumatlara görä, kesellänleriň sany 1400-e ýetdi. Olaryň ýaş kiçisine 2 ýaş bar. ardan çykanlaryň sany 40-dan geçdi.
Hytaý koronawirusy: ýokanjyň öňüni almak boýunça çäreler
