28-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow milli teleýaýlymlaryň işini tankyt etdi. Olarda taýýarlanylýan gepleşiklerde döwrüň ruhuny, ýurdumyzyň soňky ýyllarda ýeten derejesini giňden açyp görkezýän wakalar yzygiderli beýan edilmeýär.
Hususan-da, «Miras» teleradioýaýlymynda dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary baradaky gepleşikler ýetmezçilik edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we teleýaýlymyň işgärleriniň öz öňlerinde durýan wezipä sowatly we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmeýändiklerini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin G.Baýramdurdyýewi Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy we bu wezipä G.Çaryýewany belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa işinde üstünlik arzuw edip, «Miras» teleradioýaýlymynda halkymyzyň asylly ýörelgelerine, maşgala edebine we nesil terbiýesine degişli, çuňňur many-mazmunly gepleşikleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyz hemişe nesil terbiýesine möhüm ähmiýet beripdir. Şunlukda, olar çaganyň halal zähmetiniň üsti bilen terbiýelenilmegini, oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň özüne mahsus, tebigatyna laýyk gelýän hünärleri saýlap almagyny esasy ugur edinipdirler.
Bu wajyp mesele «Miras» teleradioýaýlymynyň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Onda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan perzent terbiýesi, geçmişde döredilen oňyn ýörelgeler, şol bir wagtyň özünde «Paýhas çeşmesi» atly kitapda beýan edilýän nakyllar we olaryň ähmiýeti barada yzygiderli gepleşikler taýýarlanylmalydyr.
«Miras» teleradioýaýlymynyň ýolbaşçysy täzelendi
