Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň döredileninden bäri geçen döwürde ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip
gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça anyk işler ýerine ýetirildi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň
üçünji mejlisinden eden çykyşynda belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň taslamanyň üstünde işlenen döwürde Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolandygyny aýdyp, ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle-de ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri we pikirleri jemlemek hem deslapdan seljermek boýunça netijeli işleri alyp barandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işler ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden, pudak we ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak arkaly geçirildi. Netijede, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy. Mejlisiň barşynda Konstitusion toparyň agzalary hasabat bilen çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy K.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi
T.Atahallyýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýew,
Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa çykyş etdi.
BAŞ SAHYPA: Syýasat Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça toparyň işine seredilip geçildi
Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça toparyň işine seredilip geçildi
