Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy – Halk Maslahaty döredildi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, döwletiň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna garamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmelerini diňlemek hukugyna eýedir. Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aç-açanlyk, adalat, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň, şeýle hem raýatyň kanunyň öňünde deňligi, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, degişli kararlar kabul etmek we jemgyýetçilik pikirini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar.
Halk Maslahatynyň işe başlanyna üç ýyldan hem az wagt geçendigine garamazdan, ol tüýs wagtynda döredilendigini we zerur gerekdigini subut etdi. Onuň tarapyndan şu döwürde kabul edilen ýurdumyzyň ähli strategik kararlary we ileri tutulýan milli ösüş maksatnamalary üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilmegini dowam etdirýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetde ýokary ösüş gazanyldy. Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiň depgini barha artýar, halkyň durmuş derejesi we hili yzygiderli gowulaşýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, şu ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň görlen köptaraplaýyn çäreler netijesinde, agzalan döwürde 6,3 göterim bolandygy bellenildi. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň, bölek we daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri, şeýle hem ähli maliýeleşdiriş çeşmelerinden özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary artdy.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin meýilleşdirilen täze maksatlar hem uzak möhletli wezipeler, şübhesiz, ýurdumyzyň tutuş ilaty üçin eşretli durmuşda ýaşamaga, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmäge gönükdirilen çäreleriň dowamy bolar.
Bu gün ýaşulularyň paýhasly maslahaty bilen üstünlikli ýolbaşçylyk edilýän we jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolan Halk Maslahatynyň iň möhüm kararlaryny hem maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistan, anyk kadalara we maksatlara aýdyň düşünmäge esaslanýan köptaraplaýyn giňişleýin daşary syýasaty alyp barýar. Türkmenistan ählumumy gymmatlyklara, häzirki zaman siwilizasiýalarynyň öňünde duran meseleleriň bitewüligine we bölünmezligine esaslanyp, dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Gatnaşyklaryň bu görnüşi Halk Maslahaty tarapyndan tassyklanan we Türkmenistan tarapyndan saýlanan esasy, möhüm strategik ýoldur.
Täçnazar AZADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinalogiýa taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby