Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni, syýasy gatnaşyklarynyň geriminiň giňeýänligi, ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň barha artýandygy
Bilen bilim ulgamynda çözülmeli wajyp meseleleriň biri hökmünde ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmegi we öwretmegi has–da kämilleşdirmegiň, onuň döwrebäp usulyýetlerini özleşdirmegiň zerurlygy duýulýar.
Iňlis dili dersini okadýan mugallymyň bu dersi döwrüň talaplaryndan ugur alyp, dünýä ülňülerine laýyk guramagy we bilim bermegi üçin ilki bilen daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetiniň nazaryýeti bilen doly tanyş bolmagy hökmanydyr. Iňlis dilini okatmagyň usulyýetiniň aýratyn ylym hökmünde ösmeginde
We kämilleşmeginde pedagogika, psihologiýa, lingwistika, didaktika ylymlarynyň ähmiýeti örän uludyr.
Usulyýetiň psihologik esaslary. Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti psihologiýa bilen ikitaraplaýyn – sözleýiş psihologiýasy we pedagogik psihologiýa bilen berk baglanyşyklydyr.
“Daşary ýurt dilini okatmak” düşünjesi daşary ýurt dilinde sözleýşi öwretmek diýen manyny aňladýar. Daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýeti üçin “dil” we “sözleýiş” diýen terminleriň arasyny açmak möhümdir.
Dil – bu adamlaryň arasyndaky gatnaşyk üçin zerur bolan dil serişdeleriniň we olary ulanmagyň düzgünleriniň ulgamydyr.
Täze dil öwrenilende, ýokary depginde, birden bar sözleri ýat tutjak bolmak hökman däl. Esasy zat — özüňe ynanmakdyr, üstünlige tarap yzygiderli öňe ilerlemekdir. Geljekde dil boýunça synag tabşyrmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, has öňünden, maksada laýyk taýýarlyk görüp başlamak maslahat berilýär. Esasy zat dil öwrenmek bilen näçe ýygy-ýygydan meşgullanylsa, ýokary bilim derejesini gazanmak has çalt we aňsat bolar. Şeýle-de bolsa, tizleşdirilen okuwyň zerurlygy ýok ýagdaýynda gündelik sapaklaryň iň amatly dowamlylygy bir-iki sagat bolmalydyr. Dil öwrenmek bilen meşgullanmagyň özüňiz üçin iň amatly we dogry usulyny saýlaň. Üstünlik hemraňyz bolsun!
Bäşimow Kakamyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 121-nji toparynyň talyby