Zimbabweniň Hökümeti 2027-2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine hemişelik däl agzalygyna arza berdi. Bu barada ýurduň Prezidenti Emmerson Mnangagwa habar berdi.
Mnangagwanyň sözlerine görä, Zimbabwe BMG-niň HG-niň hemişelik däl agzasynyň ornuna şeýle-de tutuş Afrika yklymynyň adyndan dalaş edýär. Ol eger bu orna saýlanaýsa, parahatçylyga ýardam bermäge, terrorizme garşy göreşe, zenanlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny öňe sürmäge, şeýle hem Afrika döwletleriniň bähbitlerini goramaga üns bermekçi.
Ýurduň kandidaturasyny eýýäm birnäçe döwlet goldady, olaryň arasynda Russiýa, Hindistan we Kuba bar. Zimbabweni şeýle-de Afrikanyň Gündogaryny ösdürmek topary we Afrika bileleşigi goldadylar.
Zimbabwe öň hem 1983-1984 we 1991-1992-nji ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzasy bolupdy.
Öňdäki saýlawlar 2026-njy ýylyň iýunynda bolar, Zimbabwä ýeňiş gazanmak üçin Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň üçden iki böleginiň sesini gazanmak gerek.
Arzuw ORAZOWA
S.A.Nyyýzow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby