Kent uniwersitetiniň alymlary Aýyňka meňzeş toprakda çaý ýetişdirip boljakdygyny subut etdiler. Synag «Dartmoor Tea» britan çaý plantasiýasynyň, «Lightcurve Films» studiýasynyň we «Europlanet» guramasynyň gatnaşmagynda geçirildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Açyşyş jemleri barada «Space Agriculture Workshop» (SAW) ylmy maslahatynda habar berdiler.

Çaý nahallaryny Aý we Mars topraklaryna meňzeş topraklarda oturtdylar. Şertler hem älemiňkä ýakyn görnüşde üpjün edildi. Netije garaşylmadyk bolup çykdy: çaý nahallary Aý topragynda kök tutdular we beýleki zemin topragynda oturdylanlardan kem ösmediler. Emma Mars topragynda ekilenler welin, gurady.

«Synagyň netijeleriniň geljekde adamlar Aýda ornaşan halatlarynda çaýy we beýleki ekinleri ýetişdirip, özlerini ter azyk bilen üpjün edip biljekdiklerini hem-de britan çaý içişligini gurap boljakdygyny görkezýär» diýip, ylmy barlaglaryň ýolbaşçysy professor Naýjel Meýson gürrüň berýär.

Doktor Sara Lopes-Gomolýon bolsa kärdeşiniň sözüniň üstüni ýetirýär: «Biz Aý topragynda çaý ýetişdirip boljakdygyny anyklap, ilkinji ädimi ätdik. Indiki ädim ösümlikleriň bu şertlerdäki fiziologiýasyna düşünmek. Bu olaryň ösüşini gowulandyrmaga we alnan tejribäni beýleki ekinler babatda hem peýdalanmaga mümkinçilik berer».

   Mähek NURGELDIÝEWA

   S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby