Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas goýujy taglymatdyr.
Ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli orny gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen, dürli döwletleriň hem-de sebitleriň arasynda dialog üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şeýle-de ýurdumyz durnukly ösüş, ekologik howpsuzlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Döwletimiziň BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa bilen bagly ählumumy maksatnamalaryna gatnaşmagy onuň bu ugurdaky tagallalara jogapkärçilikli çemeleşýändigini we dünýäde durnuklylyga, abadançylyga gönüden-göni täsir edýän meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga taýýardygyny görkezýär.
Hemraÿew Isa Hemraÿewiç
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.