Hormatly Prezidentimiziň hem – de Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen medeniýetiniň ojakdan başlaýan täsin dünýäsi birnäçe bagt köşklerinde, şeýle- de ýaş çatynjalar üçin  döredilýän şertlerde goýlandyr. Şeýle gözellikleriň aňyrsynda medeniýetiň ýatandygy, şol medeniýet bilen türkmeniň öz durmuşyny düzýändigini kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiziň hem – de Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edilýän işler ýurdumyzyň her bir ýerinde medeniýete ugrukdyrylandyr. Haýsy halkyň medeniýeti dünýä hazynasynda şöhlelenýän bolsa, şol halkyň ruhy hem edil täzeligiň buşlukçysy kibi naşy hem – de müdimiligiň açaryny özünde saklaýar. Biziň esasy ünsi çekmek isleýän zadymyz hem söz medeniýeti. Sebäbi söz medeniýeti medeniýetleriň naýbaşy hasaplanýar. Adam aýtjak sözüni bilmese, sözlemeli sözüniň ýerini bilmese, näçe görmegeý bolsa- da medeniýetsiz görünýär. Her bir halkyň ruhy ahlagyny, onuň milli halkalaryny düzüp, ynsan ýaşaýyşynyň syntgalanan görnüşini kemaa getirýän ägirt bir güýç halkyň medeniýeti diýip tanalýar. Şol medeniýetiň içinde halkyň ähli sungaty, edebiýaty,halk döredijiligi bilen bir hatarda hat – da sözleýiş medeniýeti, özüňi alyp baryş medeniýeti, ahlak medeniýeti, şeýle – de durmuşa taýýarlyk medeniýti ýaşaýyş derjesiniň süňňüni düzýän halklary bir – birinden tapawutlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň hem – de Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen türkmen medeniýeti hem häzirki döwürde öz milli gymmatlyklarydyr, öwüşgünleri, edebiýatydyr, sungaty bilen iň gadmy medeniýetleriň hataryna goşulyp, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda göwher gaşly ýüzük bolu parlaýar. Haýsy ýerde bolsa bolsun, dünýäniň islendik künjünde , tapawudy ýok, türkmen medeniýtiniň özboluşly reňklere baý, şahsyýetiň häsiýetini düzýän, özüňi alyp baryş medeniýeti hiç halkyňkydan kem däl. Eger – de dünýäniň ýüzünde bir halk medeniýetli diýip tanalýan bolsa, onda türkmen halky hem şol medeniýetiň içinde tanalýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir halk öz medenýtini asyrlar aşyp, wagtyň eleginden geirip düzüp gelýär. Şol halk şol medeniýet bilen ogluny, gyzyny, nesillerini terbiýeleýär. Şol halk şol medeniýetiň dilini düzýän täsin hazynany özünde saklaýar.                                          

      Hormatly  Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz hem ýaşlara uly ynam bildirýär. Dünýäniň çar künjünde okap, tejribe toplap, dünýäniň täze gazananlaryny türkmen sahnasynda ýüze çykarmak, şol sahnany täze eýýämiň sahnasy edip, tomaşaçy bilen arada sazlaşygyň köprüsini gurmak üçin bu günki gün medeniýet işgärleri gije- gündiz zähmet çekýärler. Şeýle buýsançly zamananyň sungatyna kiçijik goşandymyzy goşup bilsegem biziň depämiz göge ýetýär. Sebäbi bu ýerde mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň  düýbi ýerleşýär. Hormatly Arkadagymyz biz ýaşlara- ynam bildirýärmi, diýmek biz ol işleriň hötdesinden gelip, dünýäniň tejribesine gol uzadyp, hiç bir döwletiň ýaşlaryndan çetde durmaly däl.

          Medeniýetiň, sungatyň  özboluşly syrlary bolýar. Şol syrlar hem seni sungat bilen söhbetdeş boup, bir howadan gopmagy, söhbetiň netijesinde içki gahrymanyň bilen hakyky keşbi gazanmaga hem- de ile çykarmaga, okamaga täze bir öwüşgin berýän netijäni gazandyrýar. Sahnanyň özboluşly syry bar, artistleriňdir, rejissýoruň ýanynda aýlanyp, sahnanyň eserlerini görmek,jogapkärli işi ýerine ýetirmek üçin nijeme adamlaň gije- gündizki zähmeti ýatandygy hakda sahna sazlaşygynyň dili bilen aýdylanda bir süňňi düzýän döredijilik toparynyň öňünde şu günki gün Hormatly  Prezidentimiziň hem- de Gahryman Arkadagymyz goýýan maksady ýaşlaryň başarnyk , zehinlerini açyp görkezmek üçin döredip berýän şertleriniň wajyplygyna üns bermekdir. Sungatyň  jadyly dünýäsini  açyp görkezmek hem- de halkymyzyň medeni mirasyna goýulýan sarpany saklamak bu gün türkmen medeniýetde we  sungatynda belli bir ýoldur. Döredijilik toparynyň sazlaşykly işlemegi bolsa  ilkinji nobatda birligiň hem döredijilik toparynyň içki sazlaşygy, has dogrusy dostlugy hakda aýtmak bu günki gün ýaşlaryöň mähriban ýurdumyzda döredilýän mmükinçiliklere jogap hökmünde edýän işleri bilen gönmüden- göni baglanşyklydyr. Hormatly  Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz Türkmen ýaşlaryndan bu günki gün dünýäniň iň ösen täzelikleri barada täze işleri döretmegimizi talap edýär. Munuň özi Türkmenistanyň ösen dünýä ýurtlarynyň hatarynda täze döredijilik üstünliklerine ýetmek üçin kämilleşýändiginden nyşan hasaplaýan.

             Häzirki gün biziň ýurdumyzda Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ösen tehnologiýalar, internet ulgamyndaky täzelikler, dünýäniň öňe gidip barýan ugurlary bolan täze elektron kitaphanalaryndan, modadan, söwdadaky iň täze innowosiýon ugurlardan, sungatyň täze görnüşlerinden, yşyklardan habarly bolup, haýsy döwletlerde nähili täze eserler, sazlar, surat işleri döredilýän bolsa ählisi bilen gyzyklanyp, öz ýurdumyzda döredilýän täze sungat eserlerine biziň halkymyzyň milli äheňliligi onuň reňk sazlaşykly geýnişi sahnada käte özüňi hem aljyradýar. Teatr sungatynda yşyklandyrma, sahna sazy, sahnada artistiň, rejissýeryň, hudojnigiň işi örän wajypdyr. Reňkleri dogry goýmak, şol reňklerde halkyň geçmiş taryhyny haýsydyr bir nusgalaryň üsti bilen görkezmek üçin nijeme zatlar etmelidigine düşünýärsiň. Biziň halkymyz reňkler ummanyna baý geýim- gejimi bolan halklaryň hataryna girýär. Milli öwüşgünleri sahnada görkezmek üçin ýerini tapmalymyka diýýän. Sahnada döwürleri ýüze çykaryp, oturan tomaşaçylaryň göwnünde şol taryhy wakalar bilen bile şol pursady ýaşamak bolup geçýän bolsa, diýmek şol ýerde suratkeş hem, rejissýor hem utuş gazanýar.     

            Döredijilik toparynyň agzybir bolup işleýän wagtlaryňda dörediji pikir – hyýallaryň sahnada nähili görmek isleýän bolsaň, şonça- da onuň keşbini ähli taryhy çeşmelerden gözlemeli. Häzirki döwürde medeniýetde sanly tehnologiýanyň orny hakda hakda- da gürrüň etsek, ýerlikli bolarmyka diýýän. Sebäp täze döwrümiziň sahnalaryna täze spektakllar gerek. Toparlaýyn ýerine ýetirilýän işi elbetde jogapkärli bolýar. Her kimiň belli bir pikiri, maksady bolup, olaryň hemmesi gahryman babatynda jemleneninde halkyň göwnünden turýan adam bolmaly. Şeýle ýagdaýda sen täzelikleriň döredijisi bolup bilýärsiň.

Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban Arkadagymyza diňe üstünlikler hemra bolup, biz ýaşlara bildirýän ynamyna hem- de döredip berýän mümkinçiligine sag bolsun aýdýarys. Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys.  Türkmeniň milli mirasy, onuň ruhy ahlagyny düzýän dili we edebiýaty hiç halkyňkydan pes däl. Onsoňam her halk dünýäniň iň gadymy halklarynyň sanawyna girip bilmeýär. Emma türkmen halky şol sanawda ilkinji nobatlarda dur. Halk hazynasynda saklanan aýdym sazlardan görnüşi ýaly, gyz edebini saklap, gelejekki maşgala taýýarlyk görmegi başarýan beýik bir nama eýe bolmagy bu hemk biizň halkymyzda iň beýik medeniýetleriň ölçegini birleşdirýän dünýägaraýyşdyr. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde gyz edebiniň ilkinji basgançak bolup durýandygyny türkmen halky gadym wagtlardan bäri öz durmuşynda iň esasy meseleleriň biri edip goýupdyr. Soňra bagly döwranlarda goşalanyp, gyzlarymyzyň durmuşa çykan gününden başlap, öz ýan ýoldaşyna wepasy, gaýyn ene, gaýyn atasyna bolan sylagy biziň gadymy däp – dessurlarymyzyň medeniýeti bilen amala aşyrylypdyr. Şeýle gözel keşplere ser salanyňda gelin toýunda gurulýan sahna hiç kim rejissýorlyk etmese – de, ajaýyl bir sahna eserini ýada salýan däp- dessur medeniýeti ýaşlaryň durmuşynda ilkinji ýatda galjak pursatlar bolup, öz gözelligini saklap gelipdir. Şeýle – de gelinleriň törden sag aýagyny basyp öýe girmesi, soňra sag elini sary ýaga, sol elini sowuk una sokmasy bolsa, gelinleriň öýi bilen bolmalydygyny ýatladýan ahlak medeniýetini öz içine alypdyr. Gelinleriň gelin maşynyndan düşeninden soňra baran ýeriniň sargyt eden ejesiniň gözlerini şatlyk gözýaşlary bilen ugradyp goýbermegi, şeýle – de birýan ýüzli bolup geçýän wakalaryň ahlak meselelerinden ugur almagy bolsa, türkmen medeniýetiniň beýik bir süňňüni düzýän güýçleriň bir sütünidir.

        Türkmen halkynyň dil medeniýetine, gözel dili durmuşda ulanmak medeniýetine hemişe sarpa goýan halkdygyny biz özümiziň ata – baba ruhy hazynalarymyzdyr, milli gymmatlyklarymyz arkaly bilýäris. Şeýlelikde ata – babalarymyzyň medeniýetimiziň bahasynyň gymmatyny bilmegini ilkinji nobatda türkmen halkynyň az sözliligi bilen hem subut etmek mümkin.

     Her bir halk öz aň-düşünjesinde taryhyny goramak we geçmişiniň daşyna gyzylly jähek çekmek arzuwy bilen nesillerini ýetişdirýär. Şeýle ýagdaýlar hem diňe medeniýetiň, onda- da dil medeniýetiniň üsti bilen amala aşyrylýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Bu mesele bilen bolsa, esasan ylym meşgullanýar. Ine,şol ylym hem dil ylymy,dil ylymyny esaslandyrýan hem gelip çykyş, arhiologiýa, nazarýet şahalary diňe alymlar üçin däl – de eýsem öz taryhy bilen gyzyklanan her bir taryhçynyň – da ýazyjynyň – da, döredijiniň – de medeniýet işgäriniň – de işidir. Aslynyň juda aňyrlardan sesýetim we ýaň berýän gadym dil bolan türkmen diliniň ýaş aýratynlygynyň adam geni boýunça juda gadymydygyny biz diňe bir gündogaryň alymlaryndan däl, eýsem günbatar alymlarynyň hem subutnamalarynda görýäris. Biz näme hakda oýlansagam , diliň üsti bilen oýlanýarys. Dil medeniýetiniň ruhy hazynamyzyň esasy ýadygärlik goýulýan janly bir göwredigi bizi diýseň, özüne çekýär.

           Elbetde her bir halkyň öz medeniýeti, sungaty we dili, dini bar. Bu tebygy zat. Dünýäniň ýüzünde ýüzlerçe halklaryň bolşy ýaly,her bir halkyň hem aýratyn medeniýeti bar.Her bir medeniýetiň gelip çykyşynda şol halkyň gatnaşygy bar.Diýmek türkmen medeniýetiniň döremeginde-de bu tebigy ýagdaýdyr.

               Türkmen halky öz taryhy kökleri bilen dünýäniň bäşilenji siwilizasyýasynda ýer alan halk. Her bir halkyň çuňňur  kökleri uran daragty kemala getirýär. Ol kökleri  ýeriň çuňňur gatlaryna ýaýrap gidýän damarlara meňzeýär. Belki – de bu halklar babatynda – da şeýleräkdir. Belli bir ýer zolagyny,kontinentleri,bölekleri kemala getirýän kowumlar ýeriň ýüzünde näçe irden bäri ýaşap başlan bolsalar,olar şonça-da gadymy halklary emele getirýär.Elbetde her bir adamyň beýleki adamdan üýtgeşik bolmaga bolan islegi tebigy hadysadyr we bu halklaryň arasynda – da şeýle bolup biler. Her bir halk öz aýratynlygyny kemala getirmezden öňürti,ýagny ony daragta meňzedipdirk, ol bilelikde soňra kökler ýer çuňlugyna ýaýrap, daragtyň şemallara, tupanlara, umuman tebygy güýçlere per bermezligi üçin köküni çuňluklara çümdürýär. Ine,bu halklaryň kemala gelmeginde-de şeýle hadysalary emele getirýär. Aslynda ähli halklaryň kök birliginde tebigatyň öz hasaplary bardygy düşnüklidir,emma bir topragyň suwuny tebigat tarapyndan ýaradylandyr.

       Biz günüň dowamynda näçe sözi ulanýarkak? Biz gündelik durmuşymyzdaky görýän,eşidýän we duýýan,başdan geçirýän zatlarymyzy bir günüň dowamynda-da ömrüň dowamynda-da söz bilen aňladýarys.Sözler, adam olary döretdi, ulandy we olary öz hallaryny aňladýan formalara saldy-da geçmişden gelejege kagyza, mata, hünäre, keramika şeýle- de palçyklara ýazdy. Halyny aňladýan sözleri gelejege alyp gitmek üçinem,ylma, edebiýata, şahyrçylyga, senede saldy. Şeýdibem adamzat öz halyny aňladýan sözlerini iň soňunda kämilleşdire- kämilleşdire dil sungatyna öwürdi. Dünýäniň ýüzünde öz halkynyň,gaýry halklaryň,dil toparlarynyň taryhyny öwrenýän köp dilçiler bar.Ýöne adamzadyň dünýäniň haýsy nokadynda bolsa-da şol bir ýagdaýy başdan geçirýär. Dünýäň ýüzündäki hakykatdan hem diňe söz bilen iş salyşmaýarys we onuň aňyrsyndaky hal biziň üçin esasy bolmalydyr.Çünki biz öz gündelik durmuşymyzda ulanýan hallarymyzy ýüze çykarmak üçin gör näçe söze eýe bolmaly. Birmahallar ýeriň ýüzünde söz  halk medeniýetiniň, bir- birege ynanmagyň aýratyn usulydyr. Şonuň bilen birlikde sözleýiş medeniýetiniň ägirt şahasy bolup, söz medeniýeti, aň medeniýeti bilen utgaşyp, halkyň medeniýetini özünde jemleýär.

        Hormatly prezidentimiziň türkmen medeniýetini sarpalap, täze – täze kitaplary ýazmagy, şeýle kitaplarda halkyň ruhy hazynasynyň ummanyny beýik medeniýetiň susup almasyna esas bolandygyny beýan etmesi bolsa, halk medeniýetiniň gzyldan gymmatly hazynadygyny subut edýär. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen medeniýetinden, sungatyndan, edebiýatyndan ylham alyp, beýik bir hazyna halkyny eýe etmek üçin edýän aladalaryny biz hem öz ugrumyz boýunça durmuşa geçirmäge borçlydyrys. Her bir ýerde halk medeniýetini özleşdirmäge ýardam berýän mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň – Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ýurdumyz abadan bolsun! Goý, türkmeniň medeniýeti asyrlardan asyrlar aşa beýik halkyň müdümiligini subut edýän äpet tug bolup pasyrdasyn!

 Aýjemal Gatyýewa

 Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky  Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň esasy hünärmeni